«Championat.com» -yň habar bermegine görä, Inter Maýaminiň hem-de Argentinanyň ýygyndysynyň meşhur hüjümçisi Lionel Messi karýerasyndaky nobatdaky şanly sepgide ýetmegi başardy.
Ýaňy-ýakynda MLS-iň «Nýu-Ýork Red Bulls» bilen geçen oýnunda Messi bir gol geçirip, bäş gezek netijeli pas berip, netijede XXI asyryň «gol+pas» ulgamy boýunca 1250 utuk gazanan ilkinji oýunçysy adyna eýe boldy. Maglumatlara görä, Messi karýerasynyň dowamynda jemi 1080 oýna gatnaşyp, 839 topy derwezeden geçirip, 411 gezek bolsa netijeli pas bermegi başarypdyr.
Bu ýeňiş ady rowaýata öwrülen argentinaly hüjümçiniň karýerasyndaky üstünliklikleriniň sanawynda öz ornuny tutar.
Guwanç AKMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.