Mälim bolşy ýaly, soňky bäş ýylda dünýädäki iň uzyn baget boýunça rekord 2019-njy ýylda 133 metr uzynlykda baget taýýarlan italiýaly çörekçilere degişlidi. Ýöne 5-nji maýda fransiýaly çörekçileriň topary 140,53 metr uzynlykda çörek önümini taýýarlap, täze dünýä rekordy bilen Italiýadan öňe geçmegi başardy.
Rekord Fransiýanyň çörekçiler we konditerler konfederasiýasy tarapyndan guralan çärede goýuldy. Çörekçiler 132,62 metr bolan rekordy täzelemek üçin säher bilen sagat 03:00-da işe başlap, takmynan, 14 sagatdan soň olaryň zähmeti üstünlikli diýlip hasaplandy. Netijede-de, baget dünýäde iň uzyn baget diýlip ykrar edilip, onuň uzynlygy 140,53 metre barabardyr. Adaty fransuz bagetiniň uzynlygy, takmynan, 60 santimetr bolup, ol bugdaý ununyň, suwuň, duzuň we hamyrmaýanyň goşulmagynda taýýarlanmaly we agramy 250 gramdyr.
Galyňlygy tutuş uzynlygyna azyndan 5 santimetr bolmaly bageti bişirmek üçin sekiz sagat töweregi wagt gider diýlip çaklanylypdy. Rekord uzynlygyndaky bagete 90 kilogram un, 60 litr suw, 1,2 kilogram duz we 1,2 kilogram hamyrmaýa sarp edildi. Baget köpçülige, şeýle-de Sýuren köçesinde ýaşaýan adamlara paýlandy.
Serdarberdi ALLABERDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.