Siziň üçin...Slider

Ýürekleriň hem dünýäniň ykrary

25-nji maý – Aşgabat şäheriniň güni

24-05-2024 / 25

Ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Ähli özgertmeleriň nusgalyk keşbinde gözel paýtagtymyzyň şähergurluşyk keşbini görmek bolýar. Şanly seneleriň milli senenamasynda 25-nji maý indi birnäçe ýyl bäri Aşgabat şäheriniň güni hökmünde dabaraly bellenilýär. Munuň özi halkymyzyň mermer paýtagtyna goýýan sylag-sarpasynyň, sap söýgüsiniň nyşanydyr.

Ak şäherimiz hakda näçe sözleseň, sözläbermeli. Aşgabat – halkara ylalaşdyryjy, halkara sport, syýahatçylyk we medeni merkez. 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, 2008-nji ýylda bolsa Ýewropa Bileleşiginiň «Ýewropa öýi» açyldy.

Merjen şäherimiz halkara forumlarynyň, maslahatlarynyň, dürli sergileriň, festiwallaryň, Medeniýet günleriniň geçirilýän merkezidir. Aşgabatda Olimpiýa şäherçesi gurlup, ol halkara ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Baş şäherimiz şonuň ýaly-da, Ýer ýüzüniň ähli künjeginden gelýän jahankeşdeleriň arzyly ýeridir.

Gündizine Gün nuruna, gijesine Aý şuglasyna beslenen älemgoşar yşyklaryň nury ak mermerleriň gözelligine badaşyp, ak aýdym bolup ýüreklerde orun alýar. Kalba joşgun, ruha ganat berýän şäherimiz ömrümize bezeg berýär. Ykballara Kuýaş nuruny çaýýan ajaýyplyklaryň biri-birine sepleşmegi Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalarynyň netijesidir.

Aşgabat – hemişelik juwanlygyň, ýaşlygyň, aşyklaryň, gözelligiň şäheri. Ol ýyllar senenamasynda Ginnesiň rekordlar kitabyny ady bilen bezäp, her bir türkmenistanlynyň kalbyny buýsanç nuruna besleýär. Eger Aşgabat täsinlikler kitabyna häzire çenli 11 gezek giren bolsa, wagtyň geçmegi bilen, 20-nji, 50-nji, 100-nji gezek hem girer. Çünki ol göwünleriň hem, dünýäniň hem ykraryna öwrülýär.

Öwezgeldi BABAKULOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu