Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik dowam edýär. Bäsleşigiň çäklerinde şu gün – 24-nji maýda akyl-paýhas hyzmatdaşlygy görnüşinde «Paýhas hüjümi» (Brainstorming) geçirildi.
Bu çärä halkara bäsleşiginiň gatnaşyjylary bolan Özbegistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we olara ýolbaşçylyk edýän professor-mugallymlary gatnaşdylar. Bu çäräniň esasy wezipesi halkara we sebit ýagdaýlarynyň derwaýys meselesini seljermek netijesinde, halkara subýektleriniň arasynda optimal dialog we hyzmatdaşlyk usullary hem-de olaryň görnüşleri boýunça pikir alyşmak, şeýle-de oňyn teklipleri hödürlemek bolup durýar.
Bu pikir alyşma diýseň gyzykly bolup, ol «Dünýä ýüzündäki parahatçylyk» şygary bilen geçirildi. Onda birnäçe täze garaýyşlar ýüze çykyp taraplar olar dogrusynda maslahatlaşdylar. Şeýle-de gatnaşanlar geçirilen ýaryşlar we çäreler üçin Türkmenistanyň hökümetine çuňňur minnetdarlygyny bildirip, halkara bäsleşigiň ýokary ähmiýetini bellediler.
Leýli ARAPOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.