Mälim bolşy ýaly,, 2024-nji ýylyň 23 — 25-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýaýbaňlandyrylan “Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly halkara bäsleşik dostlugy, ynanyşmagy, ýaşlar hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda geçirilen «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşige Merkezi Aziýa we Hazarýaka döwletleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden jemi 250-den gowrak gatnaşyjy hasaba alyndy. Has takygy, bäsleşige daşary ýurtlaryň 9-ysynyň 11 sany abraýly ýokary okuw mekdebinden 40-a golaý magistrler we talyplar, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 22-sinden talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Ýurdumyzda bu bäsleşigiň ilkinji gezek geçirilmegi halkara gatnaşyklarynda strategiki meseleleri derňemek, taktiki meseleleri çözmekde talyplaryň bilimlerini çuňlaşdyrmak, ylmy-barlaglarda ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak zerurlygyndan, şeýle hem ählumumy parahatçylyk ýörelgelerini giňden wagyz etmek işlerini geçirmek, daşary ýurtly ugurdaş hünärmenler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hem halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadaky parahatsöýüjilik, ynanyşmagy we özara dialogy berkitmek baradaky ýörelgeleri ýaşlaryň arasynda giňden dabaralandyrmak maksady bilen geçirilýän bu bäsleşik parahatçylygy wagyz etmek, halkara dialogy işjeňleşdirmek, medeni diplomatiýany ilerletmek, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda oňyn netijeleri gazanmakda ähmiýetlidir. Şeýle-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara bäsleşigi özara intellektual ýaryş esasynda talyplaryň halkara gatnaşyklary boýunça zehin başarnyklaryny ýüze çykarmagy, degişli sebitleriň talyp ýaşlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmegi, okuw-bilim tejribeligini alyşmaga ýardam bermegi, häzirki zamanda ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri çözmäge ukyply ýaş hünärmenleri taýýarlamagy, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagy we pugtalandyrmagy, Bitarap Türkmenistanyň medeni we bilim diplomatiýasyny wagyz etmegi maksat edinýär.
Halkara bäsleşik 25-nji maýda tamamlanar. Şahsy we toparlaýyn tapgyrdaky ýeňijiler altyn, kümüş we bürünç medallar, degişlilikde 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli Diplomlar, Hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglanylar.
Altyn BABYŞOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.