
Şu gün — 24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi öz işine başlady.
Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem-de köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda ak mermerli Aşgabadyň üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak maksady bilen geçirilýän bu halkara serginiň türkmen paýtagtyny has-da gözelleşdirmek, dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin iň amatly şäherleriniň birine öwürmek boýunça işleriň has-da ilerlemeginde ähmiýetiniň uly boljakdygyna ynam bildirilýär.
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi öz işini 25-nji maýa çenli dowam eder we 160-dan gowrak kompaniýanyň hem-de döwlet edaralarynyň önümleri we hyzmatlary bilen tanyşmaga mümkinçilik döreder.
«TürkmenGazet».