SliderŽurnalistiň sahypasy

Döwlet bilen jemgyýeti birleşdiriji köpri

24-05-2024 / 116

Žurnalistika döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky birleşdiriji köprüdir. Žurnalistika döwrüň aýnasydyr. Şonuň üçin ykbalyny bu hünäre baglan ýaşlaryň öňünde örän jogapkärli wezipeler durýar.

Çyn şägirtleri tapyp, olary kämil hünärmen edip ýetişdiräýmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Öňde goýlan bu asylly maksat iki tarapdan — halypadan we şägirtden päk ýürekden çykýan yhlasy, sabyrlylygy, pespälligi… talap edýär. Aýratynam, aýdylanlaryň köpüsi şägirdiň yhlasyna bagly. Bu beýleki hünärlerde bolşy ýaly, žurnalistikada-da şeýle. Bu hünärde müň halypaň bolanda-da, olar saňa eliňden tutup zat öwredip bilmeýärler, diňe ýol, ugur salgy berip bilýärler. Şonuň üçinem, ýaş žurnaliste ünslülik, üşüklilik, düşbülik diýseň zerur bolup durýar.

Žurnalist wakany, täzeligi halka gyzgyny bilen ýetirmegi başarmaly. Bu žurnalistiň ilkinji wezipesi. Bu wezipäniň möhümligine has-da aýdyň göz ýetirmek üçin Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hudaýberdi Diwangulyýewiň «Gawunyň bişenligini gawunçydan öň žurnalist bilmeli» diýen jümlesini ýatlamak ýeterlik bolsa gerek.

Žurnalist hemişe işjeň bolmaly. Ol täzelikleri, döwrüň öňe çykarýan meselelerini halkdan öň duýmagy başarmaly. Žurnalist kärini saýlan hünärmenler döwür bilen aýakdaş işlemek üçin, döwrüň emele getiren ahwalynyň ýagdaýyny hemmelerden öň kabul etmeli. Gysgaça aýdanymyzda, jemgyýeti terbiýelemegiň «ýüküni egne alan» kesbiň wekilleriniň, ilkinji nobatda, özleri terbiýeli bolmaly. Žurnalistika — jemgyýetiň ruhy aýnasydyr. Çünki, žurnalistika döwlet bilen halkyň arasyndaky  synmaz köprüdir. Hormatly Prezidentimiziň tagallalasy bilen  ýurdumyzda  žurnalistleriň täze nesli kemala gelýär.

Jahan ATAÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu