2024-nji ýylyň 23 — 25-nji maýynda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde ýaýbaňlandyrylan halkara bäsleşik dostlugy, ynanyşmagy, ýaşlar hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetlidir.
Halkara bäsleşigiň başlamazyndan bir gün öň – 22-nji maýda oňa gatnaşyjylar institutyň «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýine baryp gördüler we bu bilim ojagynyň geçen ýoly hem-de gazananlary bilen tanyşdylar. Bu ýerde diplomatik resminamalar, hatlaryň göçürmeleri, golýazma kitaplar, institutyň düzümleri, halkara maslahatlar hem-de forumlar baradaky maglumatlar, okuw gollanmalary, ylmy işler, hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň dürli dillerde neşir edilen kitaplary ýerleşdirilipdir.
Muzeýdäki her bir gymmatlyk myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi, ýakymly täsirleri galdyrdy. Olar institutymyzyň okuw studiýasy tarapyndan ýörite guralan «tegelek stol» gepleşiginde öz ýürek buýsançlaryny, pikir-garaýyşlaryny beýan etdiler.
Nurmuhammet ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.