Siziň üçin...Slider

Meýletinçilik — özüňi kämilleşdirmek

23-05-2024 / 31

Milli tejribämiziň görkezişi ýaly, «meýletinçi» adyny almak jemgyýetçilik ykrarnamasyny gazanmakdyr. Bu asylly iş türkmen ýaşlaryny has-da kämilleşdirýär. 2024-nji 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda badalga alan «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşikde hem institutymyzyň meýletinçi ýaşlary ýokary işjeňlik görkezýärler.

Merjen paýtagtymyzda ilkinji gezek geçirilýän bu halkara bäsleşik eýýäm ilkinji gününden ýokary guramaçylyk derejesine eýe boldy. Muny halkara bäsleşige gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen myhmanlar hem nygtaýarlar.

Halkara bäsleşikde meýletinçiler daşary ýurtly myhmanlary garşylamak, olar üçin terjimeçilik hyzmatyny berjaý etmek, degişli ýerlerde ýokary guramaçylygy ýola goýmak, ýolbeletlik etmek ýaly birnäçe iş ugurlary boýunça hereket edýärler.

Meýletinçiler nazaryýetde alan bilimlerini, şol sanda öwrenen dillerini tejribe üsti bilen has-da berkidýärler. «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigiň olar üçin kämillik ölçegi boljakdygyna şübhe ýok.

Aýna ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu