Habarlar

Halkara bäsleşigiň ilkinji tapgyrlary üstünlikli başlandy

23-05-2024 / 27

Şu gün – 23-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigiň açylyş dabarasyndan soňra, oňa gatnaşyjylar, degişli düzgünnama laýyklykda, halkara bäsleşigiň şahsy we toparlaýyn görnüşinde ýazuw-barlag işlerine we test sowallaryna jogap bermäge girişdiler.

Test sowallarynda sebit we halkara gatnaşyklary, olaryň syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady, taryhy-medeni we beýleki derwaýys ugurlary, hususan-da, şu aşakdaky ugurlar we meseleler şöhlelendirildi:

— Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň wajyp başlangyçlarynyň ähmiýeti we mazmuny;

— BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň durmuşa geçirilmegine goňşy we sebit ýurtlarynyň ýaşlarynyň halkara derejesinde giňden gatnaşmagy;

— Sebit parahatçylygy ugrunda dialogy hem-de hyzmatdaşlygy netijeli ýola goýmak üçin halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri;

— halkara gatnaşyklarynda parahatçylykly dialogyň häzirkizaman ugurlary we usullary;

— parahatçylygy döretmekde bitaraplyk syýasatynyň täsiri;

— medeni diplomatiýanyň netijeli ugurlary we onuň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki täsiri;

— sebit hyzmatdaşlygynyň täze we derwaýys ugurlary.

Şeýle hem halkara bäsleşikde seredilýän we çözülmegi teklip edilýän meseleleriň deslapky düzümi aşakdakylardan ybaratdyr:

— halkara gatnaşyklarynda parahatçylykly dialogyň häzirkizaman ugurlary we usullary;

— parahatçylygy döretmekde bitaraplyk syýasatynyň täsiriniň artmagy;

— medeni diplomatiýanyň netijeli ugurlary we onuň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki täsiriniň artmagy;

— durnukly ösüşi modelirlemekde matematiki usullaryň täze ugurlary;

— halkara gepleşiklerini modelirlemek;

— halkara ykdysady gatnaşyklaryny öwrenmekde maglumat tehnologiýalaryny ulanmak;

— halkara ulag logistikasynyň global trendlerini öwrenmek; halkara gatnaşyklarynda optimal çözgütleri kabul etmekde matematiki modelirlemegi ulanmak;

— sebit hyzmatdaşlygynyň täze we derwaýys ugurlaryny teklip etmek.

Mundan başga-da, halkara bäsleşigiň şahsy tapgyrynda gatnaşyjylar ýumuşlary we meseleleri çözmekde öz ukyplaryny synagdan geçirýärler. Ýumuşlar we meseleler halkara gatnaşyklarynda matematiki usullary ulanmak, matematiki modelirlemek, ekonometrika, logistika we ş.m. ugurlardandyr. Meseleleriň mazmuny durnukly ösüşi modelirlemekde matematiki usullaryň täze ugurlary, halkara gepleşiklerini modelirlemek, halkara ykdysady gatnaşyklaryny öwrenmekde maglumat tehnologiýalaryny ulanmak, halkara ulag logistikasynyň global trendlerini öwrenmek, halkara gatnaşyklarynda optimal çözgütleri kabul etmekde matematikany we matematiki modelirlemegi ulanmak we ş.m. ugurlardandyr.

«Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik maý aýynyň 25-ine çenli dowam edýär.

Altyngözel ÇARYÝEWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu