Habarlar

Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde halkara bäsleşigiň açylyş dabarasy boldy

23-05-2024 / 37

Şu gün – 23-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigiň açylyş dabarasy boldy. Bu dabara milli bilim ulgamynyň ösüşiň häzirki zaman derejesine çykýandygynyň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

Institutyň eýwanynda guralan sergi myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Türkmen diplomatiýasyna mahsus eksponatlar, milli gymmatlyklarymyz hem-de beýleki diwarlyklar gyzyklanma döretdi. Sergi bilen tanyşlygyň çäklerinde halkara bäsleşige gatnaşyjylar özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Açylyş dabarasynda çykyş edenler BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadaky parahatsöýüjilik, ynanyşmagy we özara dialogy berkitmek baradaky tagallalary wagyz etmek ýörelgelerinden gözbaş alýan bu halkara bäsleşigiň ähmiýeti dogrusynda bellediler.

Ýurdumyzda bu bäsleşigiň ilkinji gezek geçirilmegi halkara gatnaşyklarynda strategiki meseleleri derňemek, taktiki meseleleri çözmekde talyplaryň bilimlerini çuňlaşdyrmak, ylmy-barlaglarda ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak zerurlygyndan, şeýle hem ählumumy parahatçylyk ýörelgelerini giňden wagyz etmek işlerini geçirmek, daşary ýurtly ugurdaş hünärmenler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hem halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilendir. Çykyşlarda bular dogrusynda giňişleýin beýan edildi.

Bäsleşigiň açylyş dabarasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdym-saz we döredijilik toparlarynyň bilelikde taýýarlan baýramçylyk konserti bäsleşige gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Baýramçylyk konsertinde türkmen dilinde hem-de bäsleşige gatnaşyjy döwletleriň dillerinde ýaňlanan aýdymlar sungatyň dilinde halkaryň arasynda dost-doganlygy, parahatçylygy berkimäge çagyryşyň belent nusgasy bolup ýaňlandy.

Sülgün NEPESOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu