22-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasy boldy.
Desganyň suw üpjünçiligi Garagum derýasynyň sag kenarynda ýerleşýän, göwrümi 1 million kub metr bolan açyk görnüşli suw howdanyndan gözbaş alýar. Howdanda tebigy usulda durlanan suw birinji suw göteriji bekediň awankamerasyna öz akymyna akyp gelýär. Bu beketde dünýäniň öňdebaryjy «KSB» kompaniýasynyň enjamlary ornaşdyryldy. Soňra suw agyz suwuny arassalaýjy desga iberilýär, zyýansyzlandyrylýar we süzgüç howuzlaryna akdyrylýar.
Bu ýerde ulanylan tehnologiýalar Ýewropa Bileleşiginiň «Iň gowy tehnologiýalar» (BAT) we «Iň gowy ekologik tejribeler» (BEP) resminamalarynda kesgitlenen talaplara laýyk gelýär. Bu desgadan alnan, barlaghanalarda seljerilen suwuň düzümi Türkiýäniň standartlaryna (TSE EN), Halkara Standartlaşdyrma Guramasynyň (ISO), Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) standartlaryna laýyk gelýär. Munuň özi bu suwuň daşky gurşaw hem adamyň saglygy üçin zyýansyzdygyny subut edýär. Bularyň ählisi degişli güwänamada öz beýanyny tapdy.
Hormatly Prezidentimiz desganyň edara binasyndan çykyp, «Aşgabatagyzsuw» birleşiginiň ýolbaşçysyna pudak üçin niýetlenen täze awtoulaglaryň hem-de ýörite tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy.