22-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.
Myhman GDA-nyň çäklerinde umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde berýän goldawy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunda Türkmenistanyň häzirki döwrüň talaplaryny nazara alyp, Arkalaşygyň giňişliginde ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna işjeň, başlangyçly çemeleşýändigi nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz myhmany möhüm çäräniň — GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, mejlisi ýokary derejede guramak üçin ýurdumyzyň GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde uly taýýarlyk işini geçirendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz geçiriljek duşuşygyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga oňat mümkinçilik döretjekdigine, onuň netijeleriniň bolsa köptaraplaýyn özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.