2024-nji ýylyň 22-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Hazarýaka döwletleriniň, Türkiýäniň we Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylykly gepleşikleriň medeniýeti» atly halkara bäsleşigine badalga berildi.
Halkara bäsleşikde ýurdumyzdan hem-de gatnaşyjy ýurtlardan talyplaryň 250-si çykyş ederler. Bäsleşik türkmen ýokary okuw mekdepleriniň 20-siniň hem-de 9 ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň 11-siniň wekillerini bir ýere jemlär.
Bäsleşik aýratynlykdaky we toparlaýyn görnüşlerinde geçirilip, ilkinji tapgyrda test geçirilip, ol sebit we halkara gatnaşyklaryna, olaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, taryhy-medeni hem-de beýleki wajyp ugurlara degişli meselelerden ybarat bolar. Şeýle-de, aýratynlykdaky tapgyrda bäsleşige gatnaşyjylara halkara gepleşiklerini modelirlemek, halkara ykdysady gatnaşyklary öwrenmekde maglumat tehnologiýalaryny ulanmak, halkara ulag logistikasynda dünýädäki ýagdaýlary öwrenmek, halkara gatnaşyklarynda oňaýly çözgütleri kabul etmekde matematikany hem-de matematiki modelirlemäni ulanmak ýaly ugurlar boýunça ýumuşlar berler. Toparlaýyn tapgyrda bäsleşige gatnaşyjylar halkara gatnaşyklarynda matematiki usulyýetleri peýdalanmak, matematiki modelirleme, ekonometrika, logistika hem-de beýleki ugurlar boýunça ýumuşlary çözerler.
Ýeňijilere medallar we diplomlar, şeýle hem Hormat hatlary we sowgatlar gowşurlar.
Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.