
Asyrlaryň dowamynda türkmen halysyna “Syrlardan dokalan gözellik” diýip at beripdirler. Gadym zamanlarda iň gizlin hatlary hala, kilimlere birnäçe şekilleriň üsti bilen çitip, ony gerekli ýerlerine ýetirmegi-de başarypdyrlar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen milli medeniýetimiz ösdürilýär we dünýäde giňden wagyz edilýär. Häzirki döwürde halkymyzyň döreden gymmatlygy dünýä ýaýylýar. Mälim bolşy ýaly, türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Munuň özi nepis halylarymyzyň dünýäde uly gyzyklanma eýe bolandygyny alamatlandyrýar. Şonuň üçin hem bu ajaýyp sungata biziň her birimiz buýsanýarys, ýaş nesle bu miras hakynda düşünje berýäris, milli ruhda terbiýeleýäris.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplary halkymyzyň medeni mirasynda halyçylyk sungatynyň özboluşlylygynyň ösüşini dünýä derejesine çykardy. Bu kitaplar özünde nepisligiň, owadanlygyň milli häsiýetini jemleýär.
Türkmen halysy özüniň gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Halyçylyk sungatynyň däpleriniň köpasyrlyk taryhy bar. Türkmen halylary barada irki asyrlarda alymlaryň, syýahatçylaryň ýatlamalarynda, golýazma kitaplarynda duş gelmek bolýar. Bu ýazgylar ýa-da kitaplardaky ýatlamalar türkmen halysynyň irki döwürlerden bäri dünýä halklarynyň üns merkezinde saklanyp galandygyny aňladýan hakykatdyr.
Türkmen halysy hakynda ençeme rowaýatlar döredilipdir, şahyrlar goşgular düzüpdir. Şeýle ajaýyp gözelligiň waspy dilden dile, ilden ile ýetirilipdir. Hala salnan nagyşlar ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň duýgularynyň beýany, yhlasynyň miweleridir. Bu nagyşlar gelin-gyzlarymyzyň özboluşly, owadan dünýäsiniň şöhlelenmesidir. Ussat zenanlar dokan halylarynyň nagyşlary hökmünde ata Watanymyzyň gözel tebigatyny, ajaýyp ösümlikdir haýwanat dünýäsini, öz yrym-ynançlaryny ussatlyk bilen suratlandyrypdyr. Eli çeper gelin-gyzlaryň päk arzuw-hyýallary, söýgüsi, yhlasy siňen nepis halylar özboluşly gözellik dünýäsiniň beýanydyr.
Halkymyzyň milli guwanjy bolan halylar milli medeniýetimizi öwrenmekde, milli mirasymyzy wagyz etmekde ajaýyp gymmatlyk bolup durýar. Bu ajaýyp we nepis sungatda türkmen halkynyň milli mirasyny görmek bolýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde bu milli medeniýetimizi öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Milli medeniýetimizi öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Şirin ŞAMURADOWA,
Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.