Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, halkara abraýyny artdyrmak, Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak, ýaş nesli beýik söz ussadynyň nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň Magtymguly Pyragy hakyndaky goşgusyndan ugur alnyp, 2024-nji ýyl ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýär.
Mälim bolşy ýaly, 17-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygyny we onda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilendigini nygtady. Bu kitabyň ilkinji sany Gahryman Arkadagymyza iberildi. Döwlet Baştutanymyz bu eseriň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza mynasyp sowgat boljakdygyny belledi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenip, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edildi. Onuň bezeginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň gaznasyndan suratlar ulanyldy.
Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt heýkeliniň gurulmagy beýik şahyra uly sarpa goýulýandygyny, onuň ömrüniň, döredijilik mirasynyň häzirki we geljek nesiller üçin görelde bolup durýandygyny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymgulynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Ogulbagt BALLYÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.