Habarlar

Plastik hapalanmanyň auditi geçirildi

20-05-2024 / 12

Kanadanyň Dalhauzi uniwersitetiniň gözlegçileri, 2018-2022-nji ýyllar aralygynda 84 döwletde plastik hapalanmanyň auditini geçirdiler. Netijelere görä, «Coca Cola» we «PepsiCo» bu görkezijide ilkinjileriň hatarynda hasaba alyndy. Ýüze çykarylan plastik zibilleriniň umumy möçberiniň, degişlilikde, 11%-i we 5%-i bu kompaniýalaryň paýyna düşýär.

Olaryň yzyndan «Nestle» we «Danone» gelýär, şeýle hem «Altria» (2%). Bu kompaniýalar umumylykda, ylmy barlagyň dowamynda bellige alnan plastik zyňyndylarynyň 25%-ine golaýy üçin jogapkärdir. «Bu kompaniýalar dünýäde iň iri kompaniýalaryň biridir we olaryň dünýä ýurtlarynyň ählisine elýeterliligi bar» diýip, Toni Uoker belleýär.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu