Her ýylyň maý aýynyň 27-sinde kitap hünärmenleri, kitaphana işgärleri, tankytçylar tarapyndan kitaphana güni uludan bellenilip geçirilýär. Bu günde ähli kitaphana işgärleri, hünärmenler birek-biregi gutlaýarlar. Hormatlanýan işçiler hormat şahadatnamalary we ýatdan çykmajak sowgatlar bilen sylaglanýarlar. Şol güni medeni çärelere, konsertlere, çykyşlara gatnaşmak hem däpleriň biri hasaplanýar.
Ilkinji gezek bu baýramçylyk 1995-nji ýylyň ýylyň 27-nji maýynda Russiýa döwletinde ilkinji gezek bellenilip geçildi. Şol günden bäri bu baýramçylygyň sosial ähmiýeti ýatdan çykmaz pursatlaryň birine öwrüldi.
Gadymy döwürlerden bäri kitaphana bilim hazynasy hasaplanýar. Şol wagtlar bir kitaby ýazmak üçin birnäçe ýyllar gerek bolupdyr. Şonuň üçin ony diňe baý begzadalar pul berip, ýazdyryp, satyn alyp bilipdirler. Ýöne häzirki wagtda islendik bir ýaş nesliň erkin okap kitap satyn almaga mümkinçilikleri bardyr.
Russiýada ilkinji jemgyýetçilik kitaphanasy 1795-nji ýylyň 27-nji maýynda Sankt-Peterburgda açyldy. Bu kitaphana ,,Imperial jemgiýetçilik kitaphanasy’’ diýip atlandyryldy. Soňra 200 ýyldan soň bu senäni dowam etdirmek kararyna gelindi we 1995-nji ýyldan başlap bu baýramçylyk halkara derejesinde bellenilip başlandy.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly-bilimli bolmaklary üçin, halkymyzyň kitaba bolan söýgüsiniň mundan beýlägem artmagy üçin Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan uly işlerine günüň-güni şaýat bolýarys. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, paýtagtymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän, doly derejede täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen, şeýle-de kitap gory has-da köpeldilen milli kitaphanalarymyz okyjylarymyzyň hyzmatyndadyr.
Mähriban PRIMKULOWA,
Köýtendag etrabynyň Dostluk şäher kitaphanasynyň çagalar bölüminiň kitaphanaçysy.