Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragy ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu taryhy waka diňe bir ildeşlerimiziň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň ýüreklerinde hem buýsanç döretdi. Çünki bu ýerde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi bilen bir hatarda ençeme halkyň şahyrlarynyň heýkellerini görmek bolýar. Bu hem medeniýetiň, söz sungatynyň halklary dostlaşdyrýan gymmatlykdygyny aýdyň beýan edýär.
Köpetdagy etekläp oturan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly açylmagy ýatdan çykmajak taryhy waka boldy. Bu şanly wakalara öz ildeşlerimiz bilen bilelikde, daşary ýurtly myhmanlar hem gatnaşdylar. Uzaklardan seleňläp görünýän türkmen şahyrynyň heýkeli her bir watandaşymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Köpetdagyň gözel tebigatynyň goýnunda bina bolan şahyryň heýkeli dürdäne eserleri miras goýan akyldaryň dünýädäki belent mertebesini alamatlandyrýar.
Dürli ýurtlara we yklymlara wekilçilik edýän meşhur nusgawy şahyrlaryň, dünýä belli akyldarlaryň heýkellerini bir ýere jemleýän seýilgäh toplumyň binagärliginiň aýratyn täsin bölegini emele getirýär. Olaryň hormatyna oturdylan ýadygärlikler dost-doganlygy, halklaryň hoşniýetli goňşuçylygyny alamatlandyrýar. Bu ýörelgeleri Magtymguly Pyragy öz öçmez-ýitmez eserlerinde ündäpdir.
Şeýlelikde, bu ýerde Saýat Nowa, Ýanka Kupala, Du Fu, Onore de Balzak, Şota Rustaweli, Iogan Wolfgang fon Gýote, Şandor Petefi, Rabindranat Tagor, Hafyz Şirazy, Dante Aligýeri, Ýasunari Kawabata, Kurmangazy Sagyrbaýuly, Çingiz Aýtmatow, Raja Ali Hajy, Adam Miskewiç, Mihaý Eminesku, Fýodor Dostoýewskiý, Huan Himenes, Saýido Nasafi, Ýunus Emre, Grigoriý Skoworoda, Wilýam Şekspir, Lengston Hýuz, Alyşir Nowaýy ýaly meşhur ýazyjy-şahyrlaryň ýadygärlikleri ýerleşýär. Heýkelleriň her biri keşpleriň häsiýetli taraplaryny şöhlelendirýär we inçelik bilen işlenen köptaraply şekiller olaryň döredijiliginiň aýratynlygyny açyp görkezýär.
Söz ussady Magtymguly Pyragynyň halkara derejesindäki abraý-mertebesini belende göterýän, söze hem-de sungata çäksiz sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri üstünliklere beslensin!
Jumadurdy GUWANJOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.