KanunçylykSlider

Merkezi Aziýa döwletleriniň geljekki hukukçylary üçin maksatnama

19-05-2024 / 17

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Gazagystanyň Astana şäherinde Ýewropa Bileleşigi hem-de Ýewropa Geňeşi bilen bilelikde «Merkezi Aziýanyň Hukuk dolandyryş maksatnamasyna» (2020 — 2024) gol çekildi. Maksatnama sebitiň bäş ýurduny — Gazagystany, Gyrgyz Respublikasyny, Täjigistany, Türkmenistany we Özbegistany öz içine alýar. Onuň maksady Ýewropa Geňeşiniň degişli ülňüleri, mehanizmleri we gurallary esasynda dolandyryşy ösdürmäge kömek etmekden, Ýewropa Geňeşiniň serhetara we global howplara garşy göreş boýunça sebitleýin hereketini güýçlendirmekden we giňeltmekden ybaratdyr.

Bu maksatnama Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary üçin açykdyr hem-de ol degişli talaplara esaslanyp, Ýewropa we beýleki halkara ülňülerine laýyklykda adam hukuklaryny, kanunyň we demokratiýanyň güýçlendirilmegini maksat edinýär. Maksatnama jemgyýetiň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we sebitde öňdebaryjy tejribäni öňe sürmek bilen öz ähmiýetini görkezýär.

Maksatnamanyň çäklerinde ýaş hukukçylary taýýarlamak wezipelerine hem ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, özara tejribe alyşmak üçin ýörite çäreler, okuw saparlary yzygiderli guralýar. Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 4-nji ýyl talyplaryna hem hut şu maksatnama gatnaşyp, bilimlerini we tejribelerini artdyrmaga mümkinçilik döredildi. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň hukuk ulgamynda hem öz beýanyny tapýandygynyň, milli hukuk binýadymyzy döwrebaplaşdyrmak işleriniň giň gerime eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Umuman, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlarynda netijeli wekilçiligi bar. Guramanyň esasy wezipesi bolsa sebitiň döwletleriniň durnuklylygynyň, halklarynyň abadançylygynyň üpjün edilmegine ýardam bermekden ybarat. Şoňa görä-de, özara bähbitleriň hatyrasyna oňyn hyzmatdaşlyk barha ilerledilýär.

Gülsenem HOMMADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu