SliderŽurnalistiň sahypasy

Gowy geljege ylham bermek

19-05-2024 / 14

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk komiteti Türkmenistanyň pawilýonynyň daşky dizaýnyny we «Gowy geljege ylham bermek» atly mowzugyny hödürledi.

Türkmenistanyň pawilýonynyň daşky dizaýnynda milli bezegler, ýagtylyk panelleri hem-de Beýik Ýüpek ýoluna degişli şekiller ulanyp, ol eko-görnüşde gurnalan. Bu ýerde myhmanlar Türkmenistanyň medeniýeti, taryhy we durnukly ykdysady ösüşi bilen tanşyp bilerler.  Aslynda bu görnüş Türkmenistanyň pawilýonynyň daşky dizaýnynyň gutarnykly görnüşi bolman, eýsem, taslamasynyň üstünde ýene-de işleniler. Türkmenistanyň Milli gününi 2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde, ýagny serginiň açylyş gününden bir gün soň geçirmeklik meýilleşdirilýär.

«EKSPO-2025» Bütindünýä sergisi Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 2025-nji ýylyň 13-nji apreli — 13-nji oktýabry aralygynda «Biz ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris» şygary astynda geçiriler.

Pena ÝUSUPOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu