Siziň üçin...Slider

Gözelligiň we päkligiň nyşany

19-05-2024 / 9

Mährem zenanlarymyz irki döwürlerden bäri türkmen milli şaý-seplerini diňe bir bezeg üçin däl, eýsem, sagdynlyk üçin hem dakynyp gelýärler. Şol şaý-sepler esasan hem kümüşden ýasalypdyr. Çünki pederlerimiziň gürrüňlerinden çen tutsak, kümüş ynsany gaýrata galdyryp, aňyny berkidýär. Kümüş şaý-sepleriniň dürli dert-belalardan, Günüň zyýanly şöhlesinden goraýjylyk güýjüniň bardygy aýdylýar. Lukmanlar bu metalyň kesel döredijileri ýok edýändigini, bedende gan aýlanyşygyny sazlaýandygyny nygtaýarlar. Hut şonuň üçin hem ene-mamalarymyz bäbäjikleri çileden çykaranlarynda çaga ýuwuljak suwa kümüş teňňeleri we şaýlary atýarlar.

Kümüşden ýasalýan şaý-sepleriň gymmatbahaly daşlar bilen bezelmegi hem ýöne ýerden däldir. Çünki daşlaryň ynsanyň ykbalyna täsir edijilik güýjüniň bardygyna irki döwürlerden bäri ynanylyp gelinýär. Hakyk daşy saglyk getirýän, gözüň görejini goraýan, öýe bagt getirýän daş hasaplanýar. Almaz daşy adama güýç berýär. Ýantar daşy göz degmekden goraýar. Ýakut (lagl) daşy söýginiň, wepalylygyň daşy hasaplanýar. Oňa başgaça «sapfir» hem diýilýär. Sadap daşy ömrüňi uzaltsa, ametist daşy ýüzüňe ýygyrt düşürmeýär. Söýginiň daşy rubin hasaplanýar.

Bu daşlar tebigatyň ynsana eçilen peşgeşleriniň bir bölegidir. Şeýle-de gadym döwürlerden bäri daşlaryň adamlaryň doglan gününe baglylykda olaryň ykbalyna täsir edýändigine ynanylyp gelinýär. Ýagny her bir ýyldyzyň astynda doglan ynsanyň öz daşy bolup, ony dakynmak ynsana bagt we şowlulyk getirýärmiş.

Jeren ORAZOWA,
Dänew etrap kitaphanasynyň Döwletabat geňeşligindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu