Göwün küýsegiSlider

Iň özgerdiji hem-de bagyşlaýjy güýç

17-05-2024 / 219

Söýgi. Söýgi. Söýgi. Ol köp dürli bolsa-da, olaryň ählisiniň häsiýeti birmeňzeş bolýar. Aşyk-magşuklyk, ata-ene söýgüsi, watansöýüjilik, hünäre bolan söýgi bularyň ählisi ynsana ýaşamaga, göreşmäge, ýeňmäge berilýän güýçdür.

Käwagt söýgi hakynda oýlandygymça onuň öňünde durup biljek başga bir güýjüň ýokdugyna düşünýärin. Eger-de «Iň özgerdiji hem-de bagyşlaýjy güýç näme?!» diýip sowal berilse, onuň diňe söýgüdigini bada-bat aýdyp bilerdim.

Söýgi gowşaklyga, ikirjeňlenmäge, oýlanmaga, ökünmäge ýol goýmaýar. Söýýän adam köre-kör bolýar. Oňa söýýän adamyndan — söýýän zadyndan başga zadyň gyzygy ýa-da gymmaty bolmaýar. Ol söýgüsi bilen dem alýar, ýaşaýar, göreşýär we ýeňýär.

Adam hem öz dünýäsine we diline düşünýän adamyny söýeninden soň ony hiç bir synaga aldyrmaýar. Söýýänler dünýäniň ähli baýlygyny söýýänleriniň barlygynda görýärler. Aşyklar aýralykdan başga ähli synaglary ýeňmäge ukyply bolýarlar.

Bular söýgi hakynda türkmen nakyllary:

Söýen aýal ýoluňa bakar, söýmedik — goluňa.
Söýgi — durmuşyň manysy,
Sabyr — ömrüň hazynasy.
Söýeniňi alma, söýeni al.
Söýene soltan sen, söýmedige — oltaň.

Görnüşi ýaly, söýgi – ýürege Arşdan inýän keramatly güýç.

Han HEMRAGULYÝEW,
TOHI-niň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň Tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu