At-owazasy äleme dolýan türkmen halysy özüniň ajaýyp nagyşlary, bilen synlany haýrany goýýar. Bu täsin sungat öz gözbaşyny gadymyýetiň syrly gatlaryndan alyp gaýtmak bilen milliligimizi dünýä äşgär edýär. Arheologlar türkmen halylarynyň nagyşlarynyň üç müň ýyl mundan ozalky gap-çanaklarda gabat gelýändigini belleýärler. Ýagny eneolit döwrüniň toýun önümlerinde haly nagyşlarynyň duş gelmegi türkmeniň haly sungatynyň kökleriniň 5—6 müň ýyllyklara uzalyp gidýändigine şaýatlyk edýär. Şeýle-de halyçylyk senedi iň gadymy kärleriň biridir. Çünki ýüňdür ýüpleriň boýaglaryny badam we hoz agaçlarynyň kökünden, naryň gabygyndan almak usullary-da irki döwürlere degişlidir. Ene-mamalarymyz gyzyl, mele reňkleri dürli ot-çöplerden taýýarlapdyrlar.
«Suw ýaşaýyşdyr, at ganatdyr, haly türkmeniň köňül nagşydyr» diýýän halkymyz bu gözelligi we nepisligi döredýänlere-de aýratyn gadyr goýupdyr. Näziklik bilen çitilen göller biziň gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklaryndan, sünnäli gollaryndan döreýän ajaýyp sungat eseridir. Onuň her çitiminde, gölünde türkmen zenanynyň ýürek urgusyny, guwanjyny, buýsanjyny, köňül arzuwlaryny duýmak bolýar. Şeýle-de olar owadan tebigatymyzyň, giň sähralarymyzyň, al-ýaşyl öwüsýän ýaýlalarymyzyň ajaýyplygyny sünnäläp, halyda beýan edipdirler. Gelin-gyzlarymyzyň döredýän bu gözellik önümleriniň görnüşleriniň dürli-dürli bolşy ýaly, olaryň ulanylyş aýratynlyklary hem biri-birinden tapawutlydyr. Gapylyklar esasan hem çarwa öýleriniň gapysyndan asylypdyr. Ak öýleriň törlerini bezemek üçin aýratyn ölçegli halylar dokalypdyr. Şeýle-de gelin-gyzlarymyz özleriniň zerur öý goşlaryny saklamak üçin ýörite haly torbajyklaryny dokapdyrlar. Ýene-de duzdur gap-çanaklary saklamak we bir ýere alyp gitmek üçin haly haltajyklary dokalydyr. Bedewler we düýeler üçin dokalýan haly ýapynjalaryndan häli-häzirlerem giňden peýdalanylýar.
Şerbet SÖHBETOWA,
Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň mugallymy.