Habarlar

Kazanda halkara ykdysady forum geçirilýär

16-05-2024 / 7

Bilşimiz ýaly, şu günler Kazanda “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” XV halkara ykdysady forumy geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu foruma hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Munuň özi türkmen-tatar gatnaşyklarynyň hem-de Russiýa Federasiýasy bilen döwletara dialogyň netijeli häsiýete eýedigini aýdyň tassyklaýar.

Kazanda Russiýa Federasiýasynyň yslam dünýäsiniň döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen şeýle uly ähmiýetli forumyň geçirilmegi Tatarystanyň uly abraýynyň hem-de oňa ýokary halkara gyzyklanmanyň nyşany bolup durýar. KazanForumyň maksady Russiýa bilen Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna girýän döwletleriň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş we medeni gatnaşyklaryny berkitmek bolup durýar. Ilkinji gezek forum 2009-njy ýylda geçirildi. 2023-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Karary bilen foruma federal derejesi berildi.

Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylda geçirilen 13-nji foruma hem hormatly myhman hökmünde gatnaşandygyny bellemek gerek. 2009-njy ýyldan bäri her ýyl geçirilýän bu wekilçilikli halkara çäräniň işine ýurdumyzyň wekiliýeti ençeme gezek gatnaşdy.

Şu gezekki halkara ykdysady forumyna gatnaşyjylar Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmeginiň taslamasyny, şeýle hem bu taslamada konteýnerli ýük daşamalaryň 15-30 esse artdyrylmagyny maslahatlaşdylar.

Tatarystanda iş saparynda bolýan Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşygynda türkmen wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň hem-de dürli meýdançalarda geçiriljek duşuşyklaryň biziň ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen oňyn hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Gyzylgül GURBANMUHAMEDOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu