Düýn, 15-nji maýda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady.
Üç günläp dowam edýän giň gerimli gözden geçirilişde ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, türkmen işewürleri, daşary ýurt kompaniýalary bu ýerdäki öz diwarlyklarynda oba hojalyk we azyk senagatynyň dürli ugurlarynda öndürýän önümleri, ýerine ýetirýän işleridir hyzmatlary, olarda ulanylýan nou-haular, innowasion tehnologiýalar, usullar bilen tanyşdyrýarlar.
Şu gezekki gözden geçiriliş oba hojalyk pudagynda diňe bir ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu pudakda işjeň orun eýeleýän işewür düzümleriň ägirt uly mümkinçiliklerini hem görkezýär. Bu ýerde ýurduň we daşary döwletleriň gatnaşyjylarynyň ýüzden gowrak wekili öz önümlerini görkezdiler. Şolaryň hatarynda Oba hojalyk ministrligi, Daşky gurşawy goramak ministrligi, degişli kärhanalar we düzümler, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileri bar.
Bu sergi azyk senagatynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny alyşmak, maksatnamalaýyn taslamalara maýa goýumlary çekmek we degişli ugurda ygtybarly ulgamy döretmegiň usullaryny işläp taýýarlamak hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Begendik DÖWLETÝAROW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.