Beýik türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan ýylynda Ýer ýüzüniň çar künjeginde dürli mazmunly çäreleriň geçirilmegi, ylmy işleriň ýazylmagy, şygyrlarynyň dürli dillere terjime edilip, kitap görnüşinde okyjylara ýetirilmegi-de muňa doly güwä geçýär. Golaýda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy «Magtymguly Pyragy. Ylham» atly edebi-çeper neşiriň çapdan çykandygyny habar berdi. Häzire çenli söz ussadynyň goşgularynyň ukrain diline terjime edilen iň doly ýygyndysy bolmagy kitabyň esasy aýratynlygydyr.
«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, täze neşir «Magtymguly Pyragy we onuň Ukrainadaky sözi» atly sözbaşyny hem-de şahyryň ukrain dilindäki şygyrlarynyň 204-sini öz içine alýar. Onuň ussadyň «Türkmeniň» goşgusyndan setirlerdir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dürdäne jümleleri bilen açylmagy özboluşly mana eýedir. Neşiriň awtory we düzüjisi köp ýyllaryň dowamynda Magtymgulynyň döredijiligini öwrenip, ony diňe bir öz ýurdunda däl, eýsem, daşary döwletlerde-de işjeň wagyz eden alym, filologiýa ylymlarynyň doktory Nikolaý Waskiwdir. Häzirki wagtda ol Kiýewiň Boris Grinçenko adyndaky uniwersitetiniň Žurnalistika institutynda zähmet çekýär. Şunda alymyň türkmen edebiýatydyr medeniýeti, türkmen-ukrain medeni gatnaşyklary barada yzygiderli ylmy işleri alyp barýandygyny-da nygtamak zerur.
Kitabyň sözbaşysynda awtor Magtymguly Pyragynyň eserleriniň haýsy döwürde döredilendigi, olarda beýan edilýän durmuş wakalary barada giňişleýin maglumat berip, şahyryň zehinli şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde öz pederi Döwletmämmet Azadynyň täsiriniň uludygyna ünsi çekýär. Şeýle-de ol akyldaryň ýaşan zamanasyny suratlandyryp, türkmenleriň kesp-käri, bilimi, dini garaýyşlary hakynda-da söz açýar. Bu bolsa neşiriň dokumental ähmiýetini has-da artdyrýar. Meşhur türkmen şahyrynyň döredijiliginiň ýerli we daşary ýurt alymlary tarapyndan içgin öwrenilýändigini nygtap, awtor onuň eserleriniň dürli ýyllardaky terjimelerinden mysallary getirýär, terjimeçileriň ulanan tärleridir stilistik usullaryna syn berýär.
Ukrain okyjylaryny Magtymguly Pyragynyň gymmatly edebi mirasy bilen ýakyndan tanyşdyrmakda Wladimir Sosýura, Nikolaý Tereşenko, Meçislaw Gasko, Natalýa Zabila, Iwan Puçko, Petr Doroşko, Pawel Mowçan, Alekseý Kononenko ýaly ýazyjy-şahyrlaryň, dramaturglaryň we terjimeçileriň aýratyn hyzmatlary bar. Şoňa görä-de, neşiriň esasy bölegi şahyryň XX asyrda ýaşap geçen hem-de biziň döwürdeş şahsyýetlerimiz tarapyndan ukrain diline terjime edilen şygyrlaryny öz içine alýar.
Hajymuhammet ÝARYÝEW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyryşy taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.