Siziň üçin...Slider

Çeper eliň gudraty

15-05-2024 / 20

Üstünden ençeme ýyllar geçse-de milliligimiziň kämilleşmeginde, dünýä çykmagynda ene-mamalarymyzyň, mährem gelin-gyzlarymyzyň hyzmaty uludyr. Olaryň on barmagynyň hünärinden döreýän milli el işlerinde halkymyzyň durmuşa bolan garaýşyny, däp-dessurlarymyzy, urp-adatlarymyzy görmek bolýar.

Türkmen zenanlarynyň sünnäli gollaryndan döreýän gözellikde iň köp ulanýan nagyşlaryň biri-de goçak nagşydyr. Bu nagşyň döreýşi barada il arasynda köp rowaýatlar aýdylyp gelinýär. Edil şonuň ýaly, bu nagşyň dürli görnüşleri hem bardyr. Goçak ady bilen baglanyşykly dörän soňky nagyşlaryň öňkilerden tapawutlydygyny hem aýtmak gerek. XX asyryň birinji ýarymynyň ahyrlarynda dörän «ýaşylgoçak», «gökgoçak» nagyşlary haly çitimlerinde giňden ulanylýar. Şeýle-de «penjegoçak», «hindigoçak», «darakgoçak», «keýikgoçak», «ganatlygoçak», «küýzegoçak», «çigildemgoçak», «altyngoçak» ýaly nagyşlar gelin-gyzlarymyzyň milli lybaslaryna keşdelenilýär.

Çäkmenleriň, donlaryň, begresleriň, çabytdyr kürteleriň gyralary çäheklenende «goçkelle» nagşy ulanylýar. «Dagdangoçak» nagşy bolsa dagdan agajynyň ady bilen döredilip, tahýanyň eteginiň gyrasyna keşdelenýär we pugtalýar. «Tärimgoçak» nagşy bolsa esasan hem düýe ýüňünden dokalan türkmen saçaklarynyň bezeginde ulanylýar. Ene-mamalarymyz mukaddes tamdyrlar ýasalanynda olaryň gapdallaryna toýunly palçykdan «goçak» nagşyny hem çekdiripdirler.

Şemşat AKMYRADOWA,
Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu