
Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär. Ählumumy gün tertibiniň durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak, sebit we dünýä ähmiýetli taslamalary işjeň durmuşa geçirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasatynyň netijesinde ösdürilýän giň halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Birleşen Milletler Guramasy hem-de bu guramanyň abraýly edaralary bolan Halkara zähmet guramasy, Ösüş maksatnamasy, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy we beýleki edaralary hem düzüm birlikleri bilen netijeli gatnaşyklar ösdürilýär. Bilşimiz ýaly, Halkara zähmet guramasy BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy hökmünde zähmet gatnaşyklaryny we durmuş üpjünçilik meselelerini düzgünleşdirýän köptaraplaýyn halkara guramasydyr.
Ýaňy-ýakynda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümi bolan Halkara Zähmet Guramasy bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hem hasabat berip, däp bolan özara hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, döwlet Baştutanynyň garamagyna birnäçe degişli teklipler hödürlenilipdi.
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara zähmet guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin “Ýol kartasy” işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu “Ýol kartasynyň” we onda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy teklip edilýär. Şeýle hem şu ýylyň 3-14-nji iýuny aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Halkara zähmet guramasynyň Halkara zähmet maslahatynyň 112-nji mejlisiniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berildi.
Halkara zähmet guramasy adamlary mynasyp iş orunlary bilen üpjün etmek arkaly mynasyp zähmetiň gazanylmagy, hemmeleriň deň şertlerde iş bilen üpjün edilmeginiň hem-de jemgyýetiň durmuş taýdan goraglylygyny kämilleşdirmegiň hasabyna durmuş adalatlylygynyň berkarar edilmegi ugrunda çykyş edýär. Bu başlangyç parahatçylygyň, jemgyýetde asudalygyň hem bagtyýar durmuşyň üpjün edilmeginiň möhüm şerti hökmünde häsiýetlendirilýär. Türkmenistan HZG-niň doly hukukly agzasy hökmünde bu Guramanyň binýatlyk konwensiýalarynyň ählisine goşuldy. Bilşimiz ýaly, ýurdumyz 1993-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda HZG-niň agzasy boldy we şol wagtdan bäri hem BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlygyny üstünlikli ösdürip gelýär. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan sanly ykdysadyýete we elektron döwlet dolandyryşyna geçmekligi durmuşa geçirmek ugrunda ministrligiň ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyrmak, awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, ilata hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Häzirki wagtda dünýäniň 187 döwleti Halkara zähmet guramasynyň agzasydyr. 1920-nji ýyldan bäri bu halkara guramasynyň edara binasy Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde ýerleşýär.
Begmuhammet ATAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.