Bu soraga ozal bir ýerlerde gabat gelipdiňizmi? Ýa-da Ýaponiýada syýahatda bolanyňyzda sary şapkaly çagalar ünsüňizi çeken bolsa gerek. Onda näme, geliň bu soragyň jogabyna bilelikde göz ýetireliň:
Ýaponiýada 6 ýaşyny dolduran çagalar mekdebe ýeke özleri gidýär. Ýeke özleri pyýada ýöreýärler, awtobusa ýa-da metrolara münýärler. Eýsem, olar näme üçin ýekelikde gidýärkäler?
Sebäbi ýapon çagalary ýaşlykdan hiç kime garaşsyz, özüňe ynamly we jogäpkärçilikli bolmagy öwrenýärler. Ýöne muňa garamazda köp ýurtlarda ýagdaý beýle däldir. Ýagny ene-atalar çagalaryny gözüniň göreji deý goraýarlar. Özleri okuwa eltip, sapaklardan soňra bolsa ýene-de alyp gaýdýarlar.
Ýaponiýa – dünýäniň iň ygtybarly ýurtlaryndan biridir we ýurtda her kim birek-biregiň çagalaryny goraýar. Eger-de köçelerde sary şapkaly çagalary görseňiz, onda olar bilim ojaklaryna barýandyrlar. Şeýlelikde, uly ýaşly adamlar näsazlyga uçran sary şapkaly çagalary görenlerinde haýat etmän ýardam bermäge girişýärler. Olara edil öz çagalary ýaly seredýärler. Ýapon ene-atalary çagalaryny ýekelikde mekdebe ugradanlarynda hiç-hili aladalanmaýlar. Çünki bu ýagdaý olarda medeniýetiň bir görnüşine öwrülendir.
Siziň pikiriňize görä, bu ýagdaý dogry usulmy?!
«TürkmenGazet».