Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ýazky at çapyşyk möwsümi dowam edýär. Daşoguz welaýatynyň atçylyk sport toplumynda geçirilen nobatdaky tapgyr toý ruhuna beslendi. Döwrebap toplumyň giň aýlawynda guralan ýelden ýyndam bedewleriň ýaryşlary köp sanly janköýerlerde aýratyn täsir galdyrdy.
Nobatdaky at çapyşygy alty tapgyrdan ybarat bolup, oňa üç, dört we uly ýaşar atlaryň 30-dan gowragy gatnaşdyryldy. Daşoguzyň döwlet athanasyna, welaýatyň edara-kärhanalaryna hem-de hususy hojalyklara degişli atlar aýlawlarda özleriniň ýyndamlyklaryny görkezdiler.
Has ýyndam bedewler uzak aralyga goýberilende, janköýerleriň şowhuny has-da artdy. Aýratyn-da, 1600 metr aralyga geçirilen bäşinji çapyşyk diýseň şowhunly boldy. Bu çapyşykda halypa seýis Tirkeş Ýegşemowyň Arkaç atly aty pellehana ilkinji bolup geldi.
At çapyşygynyň altynjy tapgyrynda bedewler 1800 metr aralyga goýberildi. Daşoguz welaýat polisiýa müdirliginiň Beglerim diýen aty ýazky at çapyşyk möwsüminiň welaýatda geçirilen ýaryşyny ýeňişli jemledi. Çapyşyklarda ýeňiji bolan ähli bedewlere serpaýlar ýapylyp, çapyksuwarlara gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Ýokary ruhubelentlige hem-de ýatdan çykmajak täsirlere beslenen dabarada toý-baýramlarymyzy goşalandyrýan, egsilmez eşretleri peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Batyr AKMYRADOW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyryşy taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.