Habarlar

Özbegistandan 23 medal!

10-05-2024 / 5

Karate türkmen sportuna soňky ýyllarda halkara ýaryşlardan medaly iň kän getirýän görnüşleriň biri. Bu hakykat ýakynda Ürgenç şäherinde geçirilen Özbegistanyň açyk çempionatynda ýene bir gezek örboýuna galdy. Ýaryşda biziň ildeşlerimiz hormat münberine 23 gezek çykdylar.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, halkara ýaryşa türkmenistanly karateçiler bilen birlikde Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan jemi 293 türgeniň gatnaşandygyny nygtamak türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleriniň derejesine göz ýetirmekde ähmiýetlidir. Üç myhman döwlete milli ýygyndylar wekilçilik eden bolsa, Özbegistan halkara ýaryşa sportuň bu görnüşleri bilen meşgullanýan klublar arkaly gatnaşdy.

Özbegistanyň açyk çempionatyndaky 293 türgeniň 74-si biziň ildeşlerimizdir. Türgenlerden başga-da, 7 tälimçili we 10 eminli wekiliýetimiz Watanymyza altyn we kümüş medallaryň her haýsyndan 5-si we 13 sany bürünç medal bilen dolanyp geldi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu