Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş güni mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

09-05-2024 / 5

Şu gün – 9-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. 

«Altyn asyr» elektron gazetinde habar berlişi ýaly, bellenilen wagtda hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Kreml binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Russiýanyň Prezidenti mähirli garşylady.

Kremlden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Moskwa gelen beýleki belent mertebeli myhmanlar – wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde dabaraly harby ýörişiň geçirilýän ýerine – Gyzyl meýdanyň Merkezi münberine tarap ugrady.

Harby ýöriş tamamlanandan soňra, emele gelen asylly däbe görä, dabaralara gatnaşan döwlet Baştutanlary bilelikde Kreml diwarlygynyň ýanyndaky Aleksandr bagyna barýarlar we Näbelli esgeriň guburyna gül desselerini goýýarlar.

Matam sazynyň astynda dostlukly ýurtlaryň Baştutanlary 2009-njy ýylyň noýabr aýynda söweşjeň şöhratyň umumymilli toplumy derejesi berlen topluma tarap ugraýarlar. Olaryň öňünden elleri gülli esgerler barýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti tutuş adamzadyň parahat durmuşy hem-de azatlygy ugrunda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy söweşlerde wepat bolanlary hatyralap, «Baky oda» gyzyl bägülleri goýýar.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu