SliderŽurnalistiň sahypasy

Kalbymyzda baky ýaşar adyňyz!

09-05-2024 / 21

1941 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişden bäri 79 ýyl geçipdir. Ýöne urşuň kalbymyza salan ýarasynyň yzasy häzirem bildirip dur. Çünki gazaply uruşda beýleki halklar bilen birlikde, türkmen halky hem hupbatly we kynçylykly günleri başdan geçirdi.

Ençeme ojaklara urşuň ýalny syçrady: gursakda dörän arzuwlar şinelemän gurap galdy, kim atadan, kim eneden, dogan-garyndaşdan baky jyda düşdi, millionlarça adamlaryň ömür tanapy kesildi. Halklaryň dostlugy hem-de alyn der, mertlik, agzybirlik bilen Beýik Ýeňiş gazanyldy. Wagt geçýär, nesiller çalyşýar, emma uruşda we tylda gaýduwsyzlyk, edermenlik, zähmetsöýerlik görkezen ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň nusgalyk mekdebi unudylmaýar. Olar minnetdar nesiller tarapyndan uly hormat-sarpa bilen ýatlanylýar. Nägehan uruşda wepat bolan gerçeklerimiziň, jeň meýdanlarynda edermenlik görkezip, öý-ojaklaryna dolanyp gelen weteranlarymyzyň atlary «Hatyra» we «Şöhrat» kitaplarynda ebedileşdirildi.

Ata-babalarymyzyň Watany ak ýürekden goramak we watansöýüjilik, gaýduwsyzlyk ýaly häsiýetlerini baýdak edinen türkmen ýigitleri hem Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda edermenligiň beýik nusgasyny görkezdiler — aldym-berdimli söweşlerde ýan bermediler, urşuň yzynda galanlar bolsa gije diýmän, gündiz diýmän, zähmet bilen Ýeňşiň gazanylmagyna goşant goşdular. Watan goran gerçekleriň ençemesiniň ordendir medallar bilen sylaglanyp, Gahryman adyna mynasyp bolmaklary, merdana zenanlarymyzyň Goranmak gaznasyna altyn-kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramyny tabşyrmaklary hakyky mertligiň, gaýduwsyzlygyň, ynsanperwerligiň belent nusgasy dälmi, eýsem! Hut şonuň üçinem olaryň uruş ýyllarynda eden nusgalyk işleri taryhyň altyn sahypalaryna girdi.

Uruş ýyllarynda edermenlik görkezen esgerleriň biri-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly eserindäki: «Müňlerçe adamyň pikirine görä, ol özüne ýagty we mübärek ýadygärlik galdyrypdyr, onuň hormata mynasyp ömri hem-de asylly işi bolsa, gürrüňsiz, ynsanyýet gymmatlygyna we ägirt uly jemgyýetçilik ähmiýetine eýedir» diýen setirlerinden görnüşi ýaly, Berdimuhamet aga biziň hakydalarymyzda mugallym, esger, ilhalar ynsan hökmünde baky orun aldy. Onuň gahrymançylyga, mertlige, zähmetsöýerlige, parasatlylyga beslenen ömür hem zähmet ýoly, Watany gaýduwsyz goraýjy, hakyky mugallym hökmündäki keşbi nesillere nusgalykdyr.

Ata Watanymyz — asuda, halkymyz — agzybir. Ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň hatyrasyna tutumly işleri alyp barýar. Munuň özi  Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde dünýäde tanadýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň pähim–paýhasly ýolbaşçylygynda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylara hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna, tylda zähmet çekenlere uly hormat goýulýar, olar barada döwlet derejesinde aladalar edilýär. Ýeňiş gününiň baýram edilýän günlerinde olara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşurylýar. Munuň özi nesilleriň ýaşululara sarpasydyr, olaryň edermenligine, gaýduwsyzlygyna edýän tagzymydyr.

Merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygynyň mukaddes Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidigini nygtap geçýän hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, «1941 — 1945-nji ýyllaryň aldym-berdimli söweşlerinde edermenligiň we gaýduwsyzlygyň, baky hormatyň hem-de ebedi şöhratyň beýik nusgasyny döreden gahrymanlarymyz kalbymyzda baky ýaşar!».

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş günüňiz gutly bolsun!

Kakajan KAKAJANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu