Şu gün – 9-njy maýda Ýeňiş güni mynasybetli Lebap welaýatyndaky «Baky ot» ýadygärliklerine ildeşlerimiz tarapyndan gül desseleri goýuldy. Öten-geçenlerimizi hatyralamak çärelerine watandaşlarymyz agzybirlik bilen gatnaşdylar.
Säher bilen Türkmenabat şäherindäki «Bitaraplyk» seýilgähinde ýerleşýän «Baky ot» ýadygärliginiň töweregi hem köp adamly boldy. Bu ýerde öten-geçenlerimizi hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýmak üçin şäheriň ýaşaýjylarynyň, onuň myhmanlarynyň, edara-guramalaryň wekilleriniň, ýaşulularyň, kümüş saçly enelerimiziň we ýaşlaryň ýüzlerçesi ýygnandy. Az salymdan olar uzyn hatary emele getirip, geçmişiň gowgaly wakalarynda, şol sanda, 1941 ― 1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan gerçeklerimiziň hatyrasyna dikilen ýadygärlige gül desselerini goýdular.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl 1945-nji ýylyň 9-njy maýynda gazanylan arzyly ýeňiş 79 ýaşaýar. 79 ýyl ― tutuş bir ynsan ömri. Muňa garamazdan, şol gowgaly ýyllarda görlen kynçylyklar, berlen pidalar ildeşlerimiziň heniz-henizler hem ýüreginde ýaşaýar. Şeýle bolansoň, nesilleriň bagtyýar durmuşy üçin gara başyny orta goýan gerçeklerimiz ýylyň-ýylyna bu şanly senede hatyralanylýar. Bu däbe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem eýerilýär.
Ýeri gelende aýtsak, welaýatymyzda Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar dowam edýär. Uruş we zähmet weteranlary bolsa olaryň esasy myhmanlary. Weteranlar her güni guwandyryjy zähmet ýeňişlerine beslenýän döwletli döwranymyz üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.
Zülfiýa AÇYLOWA,
Hojambaz etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.