8-nji maýda Bäherden sement zawodynyň 2-nji tapgyrynyň dabaraly açylyşyndan soň, hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna baryp, bu ýerde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kubmetr bolan suw arassalaýjy desgasynyň işe girizilmegine ak pata berdi.
Germaniýanyň, Türkiýäniň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Rumyniýanyň we Polşanyň iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen toplumyň çäginde agyz suwuny ýokary derejede arassalamaga mümkinçilik berjek binalar bilen birlikde, suw saklamaga niýetlenen ätiýaçlyk howdany hem bar. Desganyň dolandyryş merkeziniň işi dolulygyna awtomatlaşdyrylan görnüşde alnyp barylýar. Täze desga arassa agyz suwuny degişli ulgamlar boýunça ilatly ýerlere akdyryp, raýatlaryň zerurlyklaryny üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Döwlet Baştutanymyz desgada döredilen şertler bilen tanşyp, «Ahalwelaýatagyzsuw» birleşiginiň ýolbaşçysyna täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
«TürkmenGazet».