Siziň üçin...Slider

Uruş ýyllarynyň teswiri

08-05-2024 / 9

Gürrüňini etmekçi bolýan filmimizde baş gahryman Näzik atly gelniň başdan geçiren durmuşy wakalary şöhlelendirilýär. Durmuşda hakyky bolan wakalaryň esasynda goýlan bu film Beýik Watançylyk urşunda gahrymançylyk hem-de gaýduwsyzlyk görkezen gerçekleriň, ýigitleri yzynda ojaklaryny saklap oturan gelinleriň wepadarlygyny, tutanýerliligini, erjellegini açyp görkezýär.

Filmde ýaş gelin ömrüniň ahyryna çenli urşa giden ýanýoldaşyna beren wadasynda durup, mellegindäki erik agajynyň gurandygyna garamazdan, “Güllär! Ol hem gaýdyp geler. Ol maňa söz berdi.” – diýip umyt bilen ýanýoldaşynyň gaýdyp gelerine garaşýar. Näzik daýzanyň belent söýgüsiniň netijesinde daragtyň güllemegi bilen jemlenýän bu film kino söýüjilerde uly täsir galdyrjakdygy ikuçsyzdyr.

Filmiň ssenarisini Akmyrat Rejepow ýazypdyr. Filmde Tuwran Gurbanowa, Şemşat Kasymowa, Aýdogdy Sopyýew, Ýolaman Nurymow, Muhammetguly Kasymow hem-de Oguljahan Kulyýewa we beýlekiler surata düşdüler. Filmiň sahnalary Bäherden etrabynda, Sünçe, Nohur geňeşlikleriniň gözel ýerlerinde, şeýle-de Gökdepe etrabynda, Aşgabat şäheriniň töwereginde surata düşürildi.

Bu filmiň adyny eýýäm bilensiňiz! Ol – Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan düşürilen «Daragt» çeper filmi. Geçen ýyl bu film Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň «Ser­het­siz ki­no» at­ly no­mi­na­si­ýa­sy bo­ýun­ça ýö­ri­te baý­ra­ga my­na­syp bol­dy. Bu filmi surata düşüren goýujy režissýor Sahysalyh Baýramow mundan ozal, Beýik Watançylyk urşy barada söhbet açýan “Gyzyl kürte” filmi bilen hem köp sanly halkara festiwallara gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeledi.

Ýazmuhammet AKMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu