Siziň üçin...Slider

Dünýäni daýhan ekleýär

08-05-2024 / 14

Halkymyzyň geçmişine nazar aýlanyňda, türkmeniň ata-babalarynyň aňrybaş derejede zähmetsöýer bolandygyna göz ýetirýärsiň. Gaty uzaga gidip oturman, halkymyzyň XIX asyryň birinji ýarymyndaky hojalygyna ser salalyň. Güneşli ülkäniň çäklerinde ekerançylykda ýer omaç (azal, künde) bilen sürülýän eken. Ýer sürlenden soňra tekizlemek üçin mala ulanylypdyr. Omaja we mala bir jübüt ýaby ýa-da düýe, kämahal bolsa öküz goşulypdyr. Kätmen hem-de pil esasy serişde bolupdyr. Hasyly orak bilen orupdyrlar. Üzüm, tut we başga agaçlary kesmek üçin ýörite keserler bolupdyr.

Harmanlar öküzler, ýabylar we eşekler bilen döwlüpdir. Oba hojalyk önümlerini ilkinji işläp bejermek üçin kiçiräk suw degirmenleridir el degirmenleri, künji ýagyny çykarmak üçin juwazlar, sokular hem-de beýlekiler hyzmat edipdir.

Suwarymly ekerançylyk düme ekinlerden örän köp bolupdyr. Ekinleri suwarmak üçin kanallar, bentler gurlupdyr. Mundan başga-da, käbir ýerlerde kärizler gazylypdyr. Şol zamanda tehnika ýok bolansoň, käriz gazmak, bent etmek, kanal gazmak, suwaryş desgalaryny abatlamak we arassalamak örän uly zähmeti talap edipdir. Ýerler, esasan, akar suw bilen suwarylypdyr, emma her niçigem bolsa, iň ýönekeýje suw çykaryş desgalary — suwuň ýa-da malyň güýji bilen herekete getirilýän jykyrlar, şeýle hem adamyň güýji bilen herekete getirilýän öte ýönekeý nowalar örän giň ýaýrapdyr.

Ýokardaky maglumatlar ata-babalarymyzyň juda azaphon, zähmetsöýer adamlar bolandygynyň subutnamasydyr. Şahyryň: «Dünýäni daýhan ekleýär» diýşi ýaly, onuň zähmeti asla ýeňil däl. Daýhan sahawatly topragyň bol hasyly bilen halky iýmitlendirmeli, obalardyr şäherlerde bazarlaryň we dükanlaryň dürli harytdan doly bolmagyny gazanmaly. Munuň üçin döwlet daýhan netijeli işlär ýaly, zerur bolan şertleri döretmeli. Agrar önümçilik, ilkinji nobatda, daýhanyň özi üçin bähbitli bolmaly. Şu hakykatdan ugur alnyp, agrar pudakda ilkinji ädim ädildi — oba hojalyk önümleriniň satyn alnyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Munuň netijesinde daýhanlar peýdasyny bilip işläp ugradylar, hasyllylyk ýokarlandy, her gektar ýeriň önümliligi artdy.

Şahyrlaryň diliniň senasyna öwrülen eziz topragymyzy biz «Hydyr gören toprak» diýip apalaýarys. Ol  türkmeni düýn ekläpdi, şu gün ekleýär, ertirem eklär. Sebäbi onuň gadyryny bilýän, oňa kerem-keramat hökmünde garaýan halk bar!

Şasenem AŞYRBERDIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu