Siziň üçin...Slider

Üçe çenli — aýny wagty!

MASARU IBUKA (Irki terbiýe bilen bagly 76 maslahat)

07-05-2024 / 270

Terjimeçiden: Bu kitabyň awtory Masaru Ibuka — «Sony» korporasiýasyny esaslandyryjylaryň biri. Ozal metbugat sahypalarynyň üsti bilen onuň «Üçden soň… giç» atly kitabyny okyjylara ýetiripdik. Size hödürlemekçi bolýan «Üçe çenli — aýny wagty!» atly bu kitabymyz bolsa ondan has soň okyjylara gowşupdyr. Ýagny iki kitabyň arasyna on ýyla ýakyn möhlet düşüp ýazylypdyr. Emma welin okalan çagy bir awtoryň iki kitabynyň arasyna, biziň pikirimizçe, onlarça ýyl möhlet-hä däl, hatda sähel salymlyk pursat hem düşmese gowy bolardy. Çünki biri-biriniň üstüni doldurýan, gabarasy beýle bir uly bolmadyk bu kitaplaryň dünýädäki dabarasy juda uly bolan.

SÖZBAŞY ÝERINE. NOLDAN BAŞLAP: TERBIÝE BERMEGIŇ USULY BARADA GELEN NETIJÄM

Ýigrimi bäş ýyldan köpräk wagt bäri çagalaryň irki terbiýesine dahylly meseleler bilen meşgullanýaryn. Men professional pedagog däl, ýöne hut şonuň üçinem ýöriteleşen hünärmenlere saýgarmak çetin düşýän zatlary görüp bilýärin.

Kiçijek çagalar çäksiz mümkinçiliklere eýedirler. Men irki ösüş bilen bagly taglymatymy 1971-nji ýylda çap edilen «Üçden soň… giç» atly kitabymda ilkinji gezek köpçülige hödürläpdim. Şol döwürden bäri beýni hakyndaky ylym hem lukmançylyk uly-uly ädimler bilen öňe gitdi, netijede, körpe çagalaryň, hakykatdanam, täsin ukyp-başarnyklara eýedigi tassyk boldy. Soňky döwür men birnäçe kitap ýazdym. Ol kitapdan bu kitaba irki ösüş döwrüne bolan garaýşym, şeýle-de munuň nämeden ybarat bolmalydygy baradaky düşünjäm üýtgeýän ýaly bolup görünmegi hem mümkindir. Emma üýtgemedik, özgermedik zat näme diýseňizläň: çaganyň gylyk-häsiýetiniň terbiýä baglydygyna gitdigiçe ynamym artýar. Şonuň bilen bagly pikirlerimi siziň eliňizdäki, ine, şu kitapda beýan etdim.

«ÜÇDEN SOŇ… GIÇ» KITABYMDA ÝALŇYŞMAN EKENIM

1971-nji ýylda «Üçden soň… giç» kitabym çap boldy. Onda men ynsan häsiýetiniň we ukyp-başarnygynyň nesilden nesle geçmek bilen kesgitlenmän, üç ýaşa çenli bolan döwürde kemala gelýänligi baradaky pikiri aýtdym. Şol döwürde çaganyň mümkinçiligi çäksizdir diýmek bolar, onuň üstüniň açylmagy bolsa görüm-göreldä, terbiýä baglydyr.

Kitap uly üstünlige mynasyp boldy. Meni aýratyn begendiren ýagdaý bolsa okyjylar tarapyndan meniň il-güne ýetirjek bolup yhlas eden zadymyň düýp özenine düşünilmegidir. Eneleriň ençemesi çagalarynyň terbiýesi babatda meniň usulymy nähili peýdalanýandyklary hakynda hat üsti bilen gürrüň berdiler. Käbirleri öz çagalyk ýatlamalaryny, eýýäm uly adam çykan perzentlerini kemala getirmekdäki tejribelerini paýlaşdylar. Olaryň gürrüňleri meniň taglymatymy tassyklaýardy.

Olaryň käbirini bu kitapda getirerin. Bu taglymatymyň Ýaponiýadan daşarda-da uly goldawa eýe bolmagy meni begendirýär. «Üçden soň… giç» kitabym ençeme dile terjime edilip, Beýik Britaniýada, ABŞ-da, Italiýada, Germaniýada, Ispaniýada çap edildi. Ýogsam, öňler terbiýe hem bilim meselesinde Ýaponiýa bu ýurtlardan görelde alýardy.

Kitap tutuş dünýäde alymlaryň we hünärmenleriň oňlamasyna mynasyp boldy. 1979-njy ýylda ABŞ-da tebigy ylymlar boýunça mugallymlaryň Milli assosiasiýasynyň gurultaýy bolup geçdi. Onda irki ösüş barada leksiýa okamagymy haýyş etdiler, muňa esas bolsa kitabyň şeýle üstünlige mynasyp görülmegidi.

Ilki men edil bu derejede üstünlige eýe bolnar hem öýtmändim. Ýöne toplanan materiallar meniň teoriýamy tassyklady. Özüm inžener, kompaniýada ýolbaşçy wezipäni eýeleýän (Masaru Ibuka — «Sony» korporasiýasyny esaslandyryjylaryň biri), pedagoglyk babatda mende iş tejribesi ýok. Emma mysallara esaslanýan köp sanly hatlardan, ýaş enelerden başlap daşary ýurtly hünärmenlere çenli — aglaba köpçüligiň oňlamagyndan çen tutup, bu temany gozgamak bilen, ýalňyşman ekenligime düşündim.

ÜÇDEN SOŇ… GIÇ

Meniň häzirki nukdaýnazarym «Üçden soň… giç» kitabymda beýan eden garaýşymdan düýpli tapawutlanmaýar. Şeýle-de bolsa, şu geçen sekiz ýyl içinde mende pikirler hem maglumatlar köplügi toplandy, ine, şolara-da birinji kitabyň okyjylarynyň ünsüni çekmek isleýärin. Käbir ideýalaryň hakdygyna ýene bir öwra göz ýetirdim, käbiri babatda bolsa garaýşymy az-kem özgertdim.

Bu kitapda üns çekmek isleýän ilkinji möhüm ýagdaýym: çagalar bagy hakda-ha aýtmanymyzda-da, üç ýaşdan soň eýýäm giç bolýar.

Soň-soňlar meni hemişe möhüm pikirlere iteren ýagdaý bolan Suzuki Şiniçi (skripkada saz çalmagy öwretmek boýunça «Suzuki usulynyň» esaslandyryjysy) bilen ilkinji duşuşygymda ol bu ugurdaky sapaklara başlamak babatda iň laýyk pursadyň 4-5 ýaşdygyny aýdypdy. Men terbiýä hem okuw geçmäge dahylly meseleleriň üstünde uzak oýlandym-da, belki, has irräk başlamak hem biçem däldir diýen pikire geldim. Has ir başlan çagalar bilen ulurak ýaşly çagalaryň gazanýan üstünlikleriniň arasyndaky mese-mälim tapawutda onuň özüniňem ünsi eglenen eken (Gijräk başlan çagalaram, elbetde, saz çalmagy öwrenip bilerler). Ahyrynda onuň özi-de hatda üç ýaş däl-de, iki ýaşda hem başlanyp bilner — näçe ir bolsa, netije şonça-da gowy bolar diýen pikire geldi.

Ynha, ýene bir mysal. Oglanjyk üç ýaşda iňlis dilini öwrenip başlaýar. Onuň özünden iki ýaş kiçi inisi bar eken. Oglanjyk öýde taýýarlanypdyr: ses ýazgylaryny diňläpdir, kartoçkalar esasynda dil öwrenipdir. Jigisi ýanynda bolup, ähli hereketini synlaýan eken. Üç ýaşyny dolduryp, körpe hem iňlis dilini ýöriteläp öwrenip ugrapdyr, agasynyň yzyndan örän tiz ýetipdir. Göz öňüne getirip görüň: bary-ýogy bir ýaş iki aýlyk çaga ejesiniň dyzynda oturan ýerinden sesini çykarman, sapak geçilişine syn edipdir. Ýedi aý soňra bolsa, garaşylman durka iňlisçe gürläp başlapdyr, sözleri aýdyşynyň hem kemi-kösti ýok eken.

Eger maýmyn çagasy bilen deňeşdirseň, ynsan balasy gereginden birnäçe aý ir dogulýar diýmek bolar. Çaga ene göwresinde ýeterlik derejede uzak eglenmeýänligi üçin dünýä inen badyna aýaklanyp, ýöräp gidiberenok. Haýwanlaryň çagasy bolsa doglan badyna aýak üstüne galmaga-da, ýöremäge-de ukyply.

Haýwanlar eýýäm «taýýar halda» dogulýarlar, olaryň beýnisi hem bedeni ýeterlik derejede ösendir, ynsan bolsa doglanda «arassa kagyz sahypasy» halynda bolýar. Ozalky kitabymda çaganyň üç ýaşa çenli bolan ösüşiniň we terbiýesiniň näderejede wajypdygyny aýdypdym. Dünýä inen badyna ynsan beýnisi — arassa kagyz sahypasy, ony «doldurmaga» üç ýaşda girişmek eýýäm giç bolýar. Mümkin boldugyça, ir başlamak gerek.

«ŞEKILLER DÖWRI» ADAMYŇ NÄHILI BOLUP ÝETIŞJEKLIGINI KESGITLEÝÄR

Ir başlamak gerek — bu düşnükli. Emma 4-5 ýaşynda başlan çaga bilen 1-2 ýaşynda başlan çaga birmeňzeş halda sapak öwretmek bolmaz. Üç ýaşdan soňky döwürdäki hem-de noldan iki ýaşa çenli çaga terbiýe bermegiň usullarynyň arasyndaky tapawuda oňat düşünmek zerur.

Birinji döwür — doglandan başlanýan döwür. Bu wagt çaganyň nämedir bir zady özleşdirmegi üçin şol bir zady hemişe we tutanýerlilik bilen gaýtalamak zerur. Ikinji döwür — üç ýaşdan başlaýan döwür. Munda çaganyň öz gyzyklanýan zatlarynda üns jemläp, şolaryň kömegi arkaly öwrenmäge bolan islegi höweslendirmeli. Men birinji döwri iň wajyp döwür hasaplaýaryn. Ony «Şekiller döwri» diýip atlandyrdym.

Bu ýaşda çaganyň beýnisi (aňy) maglumaty uly adamyňkydan başgarak kabul edýär. Meselem, 3-4 aýlykka (käbirleri 5-6 aýda) bäbekler ejesiniň ýüz keşbini beýlekilerden tapawutlandyryp ugraýarlar we nätanyş ýüzi görenlerinde aglaýarlar. Göräýmäge, bu beýle bir çylşyrymly ýumuş hem däl ýaly, ýöne kompýuter bilen deňeşdirmeli bolsa, beýle ýumşy ýerine ýetirmäge diňe ýokary tehnologiýa bap gelýän enjamlar ukyplydyr.

Kiçijek bäbejik bolsa muny emgenmän saýgarýar. Özi hem şunlukda ol ýüz keşbindäki aýratynlyklary seljerenok-da, ýygy-ýygy görüp duransoň, ýüz keşbi tutuşlygyna ýatda saklaýar. Şeýle ýat tutmagy men şekilleri tanamak diýip atlandyrýaryn: bu ukyp iň kiçijek çagalarda örän oňat derejede ösendir. Şonuň üçinem men irki döwri «şekiller döwri» diýip atlandyrdym.

Çaganyň beýnisi gaýtalanyp duran islendik maglumaty aňsatlyk bilen ýat bekleýär. Şekiller döwründe maglumat kellede nusga hökmünde «möhürlenýär»: bu mantyga laýyk pikir öwrüş arkaly ýatda saklamak hem däl, düşünmän, köre-körlük bilen gaýtalap ýat beklemek hem däl. Ene dilimizde gürleýän çagymyz biz her gezek grammatik gurluşlaryň üstünde oýlanyp duramyzok, sebäbi beýniniň gurluşy eýýäm biziň dilimize laýyk sazlanan.

Ozal bu ukyby dogabitdi halat hasaplaýardylar. Indi welin biz onuň şekiller döwründe kemala gelýändigini görýäris. Şonuň üçinem bu döwürde çaganyň terbiýesi we ösüşi juda möhümdir.

HÄZIRKI GÜNE ÇENLI ÇAGA TERBIÝESINIŇ MAKSADY BAŞGAÇARAK BOLDY

Men çaganyň irki döwürdäki terbiýesi babatdaky çemeleşmä gaýtadan garamak gerek diýip hasap edýärin. Kiçijek çaga baradaky alada, esasan, onuň fiziologik talaplaryny kanagatlandyrmaga we kesellän ýagdaýynda derdine em etmäge syrygýar (ХХ asyr hem-de Benjamin Spokuň we oňa eýerijileriň şol döwürde giňden ýaýran taglymaty göz öňünde tutulýar). Hakykatda bolsa, 3-4 ýaşly çaga, adatça, mekdepde öwredilýän zatlar öwredilip başlanýar. Ýöne muňa diňe has ir girişilýär diýmek bolýar. «Irki ösüş», ynha, şeýle.

Diňe fiziologik taýdan ösüş babatda alada edip oňmak bolmaz. Psihologik we intellektual ösüşi-de gözden salmaly däl. Emma, näme üçindir, köpler bäbege, hamana, onda entek ruh hem intellekt hem ýok ýaly çemeleşýärler.

Bäbek dünýä inende esli wagtlap ata-eneler, köplenç, diňe onuň beden taýdan ösüşinde üns jemleýärler, aňyň — beýniniň ösüşi barada bolsa körpejede akyl-paýhas alamatlary ýüze çykyp başlanyndan soň aladalanmaga girişýärler. Ýöne bu eýýäm öte giç bolýar! Intellektiň we psihikanyň ösüşi babatda-da onuň beden sagdynlygy bilen şol bir wagtda — çaga dünýä inen pursadyndan başlap alada edip ugramak gerek.

Irki ösüş diýlende ata-eneleriň käbirleri nämä düşünýärler? Üç ýaşa çenli — çaganyň beýnisi täsin ukyplara eýe wagty olar muňa hiç hili üns berenoklar, üç ýaşdan soň bolsa oňa başlangyç mekdepde geçilýän zatlary öwretmäge başlaýarlar. Asyl teýinde bu ýalňyşdyr. Çagany ilkinji nobatda, gowy adam edip terbiýeläp ýetişdirmelidigiňizi unudyp, ondan geniý ýasamak bolmaz.

Bu daşyndan görnüşi ýaly, beýle bir çylşyrymly zat hem däl. Meniň çemeleşmäm mantyk taýdan ýerlikli we netijelidir. Meniň kimin ýaşy gaýdyşan adamlar nämedir bir zady ýat tutjak bolsalar, ony yzyny üzmän, şol gaýtalap oturmaly bolýarlar. Eger ene doglan pursadyndan başlap çaganyň ösüşi babatda alada edip ugrasa welin, ol zerur zatlaryň ählisini emgenmän özleşdirip biler.

HER BIR EJE ŞEKILLER DÖWRÜNDE ÇAGA TERBIÝE BERIP BILER

Bilşimiz ýaly, üç ýaşdan soň terbiýä girişmek eýýäm giç bolýar, bu işe şekiller döwründe başlamak gerek. Ýöne, ine, şeýle sowal döreýär: bu döwürde çaga kim, näme we nähili öwretmeli?

Ilki «kim» babatda düşünişeliň. Bu ýaşdaky terbiýäniň çagajygyň dürli şekilleri saýgaryp bilmek ukybyny peýdalanmaga esaslanýanlygyny göz öňünde tutsak, bu hökman çaganyň ejesi bolmaly. Çaga dünýä inenden soň bir ýa-da iki ýaşa çenli bolan döwür — örän işjeň ösüş döwri, çaga bu döwürde elmydama ejesiniň ýanynda bolýar. Onuň şekilleri tanamak ukybyny herekete getirmek üçin, şol bir zady irmän-ýadaman, sabyr-kanagat bilen elmydama zol-zol gaýtalamak gerek. Muny perzendini eý görüp, apalaýan hem elmydama ýanyndan aýyrmaýan ejeden başga kim oňarar?

Munuň öte kyn ýumuşdygyny aýdyp, garşy çykjak kişiniň hem tapylmagy ähtimal. Hakykatda, eger şekiller döwründe çaganyň şekilleri tanamak ukyby herekete getirilse, ol zerur zatlaryň baryny hiç bir müşgilsiz özleşdirmegi başarar. Bu döwürde bäbegiň özi ejesine: ýene görkezsene, dowam etsene diýýän ýaly. Gaýtalamak ýoly bilen, ene dürli hili maglumatlary onuň kellesinde berçinläp biler.

Indi «näme» bilen «nähili» barada. Muny eýýäm ejäniň özi çözmeli. Meniň ünsi çekmek isleýän esasy zadym: çagajygyň bu ýaşdaky täsin ukyplary diňe ondan iňlis dili ýa saz boýunça geniý döretmek üçin gerek diýen akyla gulluk etmek bolmaz. Iň esasy zat — oňa jemgyýetçilik durmuşynyň esasy kadalaryny öwretmek. Diňe bir özi hakda oýlanman, eýsem, özgeler barada hem pikirlenýän doly derejedäki şahsyýeti, adamy terbiýeläň.

«Çaganyň irki ösüşi» žurnalynyň sahypalarynda paýlaşan bahasyna ýetip bolmajak tejribeleri hem bilimleri üçin alymlara we hünärmenlere, köp-köp täze zatlary öwrenen kitaplarymyň awtorlaryna, şonuň ýaly-da, elbetde, hat üsti arkaly maňa özleriniň çaga terbiýesi bilen bagly tejribelerini gürrüň beren enelere tüýs ýüregimden minnetdarlyk bildirmek isleýärin.

1978-nji ýylyň 1-nji dekabry, Masaru Ibuka.

(Dowamy bar).

Terjime eden
Orazmyrat MYRADOW.
Çeşme: «Nesil» gazeti, 07.05.2024 ý.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu