Golaýda paýtagtymyzdaky Nebit-gaz medeni işewürlik merkezinde Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda yglan edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Talyp ýaşlaryň zehinini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen guralan bu bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde deslapky tapgyrlarda öňe saýlanmagy başaran talyp ýigitleriň 26-sy gatnaşdy.
Ýurdumyzyň tanymal medeniýet we sungat ussatlaryndan düzülen eminler toparynyň agzalary gerçek ýigitleriň çykyşlaryna mynasyp baha berdiler. Olaryň çözgüdi bilen, döredijilik bäsleşiginiň baş baýragyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Mekan Kurdow mynasyp boldy. Bäsleşikde birinji orny S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Begenç Baýramow eýeledi. Ikinji orna Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Akmyrat Garlyýew bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 2-nji ýyl talyby Muhammetaly Ýazdurdyýew mynasyp boldy. Üçünji orny bolsa, degişlilikde, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň 4-nji ýyl harby talyby Hydyr Atabaýew, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 3-nji ýyl talyby Meýlis Hallyýew hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Nazarmät Tirkeşmädow dagy eýeledi.
«TürkmenGazet».