Siziň üçin...Slider

Bütin dünýäni ajaýyp kitaphana öwüreliň!

05-05-2024 / 9

Köne döwrüň alymlary kitaby Jemşidiň jamyna meňzedipdirler. Dogrudan hem, kitap içi täsin maglumatlardan doly bilim hazynasydyr. Parasatly halkymyz ony akyl-paýhasyň jemlenen mirasy hasaplapdyr.

Eýsem, kitap okamak adamy diňe bir gerekli maglumatlar bilen üpjün etmän, adamyň içki dünýäsini baýlaşdyrýar. Biz – ynsanlar, bedenimiz üçin gerek bolan witaminlere baý ir-iýmişleri iýýän bolsak, edil şonuň ýaly, gowy kitaplary okamak arkaly ruhy dünýämizi hem iýmitlendirmelidiris.

Kitap jemgyýetiň aýrylmaz bölegine öwrülen güýçdür. Sebäbi kitapda pikir we söz, ylym we sungat, geçmiş we şu gün, aýratyn adamyň we tutuş jemgyýetiň ruhy durmuşy jemlenen.

Awstriýaly ýazyjy Stefan Sweýg özüniň «Kitap — dünýäniň derwezesi» atly essesinde: «Ol erksiz haryt hökmünde satylýan we satyn alynýan bolsa hem, öz bahasyna eýe bolup, tekjeleriň aýnasynyň aňyrsynda ýatan bolsa hem, janly ruhuny saklap galýandyr. Satlyk bolanda-da, onuň her bir nusgasy öz-özüne we bilesigelijilik bilen sahypalaryny agdaryşdyrýan, okaýan, has beteri hem, diňe bir okaman, eýsem, ondan lezzet alýan adama degişlidir» diýip ýazypdy. Hawa, kitabyň adama edýän täsiri juda uludyr.

Söz ussady Berdi Kerbabaýew «Kitap näme?» diýen makalasynda: «Kitap seniň üçin gapysy hemişe açyk jomart bir uniwersitetdir: sen irinmän okasaň, ol saňa dürli ylymdan ders berer. Kitap seniň iň gadyrdan dostuňdyr: sen ondan ýüz öwürmeseň, ol seni hemme ýerde, her işde hemişe goldar… Seniň haýsy hem bolsa bir zatdan göwnüň döwülse, kitap sepini bildirmän sepleýän, ruhuňa bir zatdan nähoşluk ýetse, şony derrew sagaldýan, seniň üçin dürli derdiň garşysyna galkan bolýan, hiç bir tebibiň elinden gelmeýän, hiç bir dermanhanada bolmaýan, adamyň aňyndan emele gelýän üýtgeşik bir dermandyr» diýip ýazypdy.

Hakykatdanam, kitap okaýan ynsanlaryň kalby hemişe şatlyk, begenç duýgusy bilen dolýar we durmuşa, ýaşaýşa bolan höwes kämilleşýär. Kitap ynsanlarda hemişe maksada okgunly hereket etmäge ruhlandyrýar. Kitap ynsanlaryň iň ýakyn dostudyr. Şonuň üçin ýaşlarda kitaba bolan söýgini terbiýelemek, okamaga bolan höwesini artdyrmak her bir ata-enäniň, terbiýeçidir mugallymyň mukaddes borjudyr.

Oguljan AHMEDOWA,
Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçe kitaphanasynyň direktory.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu