SliderTehnologiýa

«Samsung»-dan täze tehnologiýa

05-05-2024 / 191

«Lenta.ru» -nyň habar bermegine görä, «Metalenz» startap kompaniýasy bilen bilelikde «Samsung» korporasiýasy smartfonlary ýüzüň şekili esasynda açmak üçin täze tehnologiýany döretdiler.

Täze tapylan bu oýlap tapyş «MWC 2024» sergisinde ulanyjylara hödürlendi. Bu tehnologiýa Garward laboratoriýasynyň esasynda peýda bolan «Metalenz» başlangyç kompaniýasynyň inženerleri tarapyndan oýlanyp tapyldy. «Polar ID» biometrik sensory ýüzden şöhlelenýän ýagtylygy alýar we şonuň esasynda identifikasiýa edýär.

«Polar ID» -ni «iPhone» -daky «Face ID» -iň alternatiwasy hasaplamak hem bolar. «Face ID» bilen ulanyjynyň ýüzüne kamera tarapyndan nokatly matrisa düşürilýär. «Polar ID» -de bolsa kamera ýüzden şöhlelenýän ýagtylygy düşürip, netijede-de, gaýtalanmajak şekil alynýar. Surata düşmeklige esaslanýan biometrik datçikler 2025-nji ýyldan öň smartfonlarda peýda bolar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu