Italiýanyň meşhur «Dolce & Gabbana» brendi Maýamide gurulmagy meýilleşdirilýän ýaşaýyş diňiniň ilkinji taslamasyny hödürledi. Diňiň dizaýny Nýu-Ýorkyň «Studio Sofield» binagärlik studiýasy bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanylandyr.
«Dolce & Gabbana» diňiniň beýikligi 320 metre barabar bolup, onda 90 gat gurmak göz öňünde tutulandyr. Başy gökdirän bina 259 rezidensiýany, barlary, konferensiýalary guramak üçin ýörite otaglarydyr fitnes merkezini, basseýnli spa zolagyny öz içine alar.
Binanyň öň tarapy adaty modernistik diňleriň stilinde ýerine ýetiriler. Daşky bezeg üçin pil süňküniň reňkindäki trawertin we altyn tegmilli ýalpyldysyz gara polat pürsleri ulanylar. Onuň interýeri mahmal, gara mermer we ýylmanan nikel bilen bezeler. Diňiň gurluşynyň haçan tamamlanjakdygy barada heniz takyk bir maglumat ýok.
«TürkmenGazet».