HabarlarReportaž

Eksklýuziw: Sözi dilinde gezen şahyr

19-02-2021 / 15

 

Platon: «Kitap geplemeýän mugallym diýýär.» Emma Magtymguly atamyz bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp, dürdäne eserleri miras galdyrmak bilen, üç asyr geçse-de, poeziýa pudagynda gepleýän iň uly mugallym hem-de şygyr jülgesiniň saýrak bilbilidir.

Döwrebap türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Osman Ödäniň belleýşi ýaly, haýsydyr bir şahyryň edebiýat ugrundaky ähmiýetini kesgitlemekde ulanylýan ölçeglerinden biri-de şygyrlarynyň gündelik dilde aýdym bolup ýerine ýetirilmegidir. Bu sebäpden her şahyr öz watanynyň aýdymçysydyr. 

Türkmeniň medeniýetine, sungatyna, edebiýatyna tutuş dünýä sarpa goýýar. Taryhda özüniň ajaýyp eserleri, goşgulary bilen uly yz galdyran şahyrdyr ýazyjylarymyzyň döredijiligine bu gün dünýäniň meşhur alymlary, edebiýatçylary, taryhçylary uly gyzyklanma bildirýär.

Elbetde, sanly ulgamyň ösmegi bilen durmuş ýeňilleşýär, mümkinçilikler artýar. Sanly ulgam arkaly bu günki gün dünýäniň ol ujyndaky kärdeşlerimiz ýa-da tanymal ýazyjy-şahyrlar bilen söhbet gurap bilýäris. Biz hem bu mümkinçiliklerden peýdalanyp, köp ýyllardan bäri Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen içgin gyzyklanýan, şeýle-de bu ugurda köp taslamalary durmuşa geçiren Ankara Hajy Baýram Weli Uniwersitediniñ Häzirki Zaman Türki Diller Kafedrasynyñ ylmy işgäri Emrah ÝYLMAZ bilen sanly ulgam arkaly gürrüňdeş bolduk.

—Emrah Ýylmaz, sizi saýtymyzda hoş gördük.

—Ilki bilen, Türkmenistanyň milli Liderine köp sagbolsun aýdýaryn. Maňa Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ondan gowrak eserini türk diline terjime etmek miýesser etdi. Şeýle-de TÜRKSOÝ tarapyndan «Magtymguly Pyragy» medalyna mynasyp görüldim. Şonuň üçin begenjimiň çägi ýok. Goý, türkmen we türk dostlugy ebedi bolsun, eziz Watan Türkmenistanda toýlar toýa ulaşsyn» diýip, öz ýürek buýsançlaryny beýan etdi.

   

—Türk edebiýatlarynda Magtymguly Pyragynyň orny barada gürrüň beräýseňiz.

Edebi çeşmelere görä, Türkiýe Magtymgulynyň adyny ilkinji gezek Şeýh Süleýman Buharynyň 1880-nji ýylda ýazan «Lügat-i Çagataýi we Türk-i Osmani» atly eserinden eşidendir. Bu sözlükde şahyryň ady 18 gezek gaýtalanýar. 1913-nji ýylda Zeki Welidi Togan tarapyndan neşir edilen «Şura» žurnalynda şahyr hakda maglumat berilipdir. Mundan başga-da, Mehmet Fuat Köprüliniň 1918-nji ýylda taýýarlan «Türk Edebiýatynda Ilkinji Sopylar» atly eserinde Magtymgulynyň nagyşbendiçilik akymyna eýeren derwüşidigi, sopuçylyk we ahlak goşgulary bilen Hoja Ahmet Ýasawynyň şygryýet düşünjesini ýada salýandygy, goşgularynda kämil ynsan keşbini suratlandyryp, ahlak ýörelgelerini öwretmäge we ylham bermäge ymtylýandygy bellenilýär.

Türkiýede bu ugurda alnyp barlan iň göwrümli işleriň hatarynda 1921-nji ýylda Hüseýin Kazym Kadri (Şeýh Muhsini Fani) tarapyndan neşir edilen «Magtymguly Diwany we Ýedi Asyrlyk Bir Manzume» atly eseri aýratyn bellemek zerurdyr. Çünki bu neşirde Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada giňişleýin gürrüň edilýär. Şeýle-de bu kitapda şahyryň durmuş ýoly, döredijiligi beýan edilip, goşgularyndan mysallar berlipdir.

Garaşsyzlyk ýyllarynda bolsa, şahyryň şygyrlar ýygyndysy ilkinji gezek 1992-nji ýylda Himmet Biraý tarapyndan «Magtymguly Diwany» ady bilen taýýarlanylyp, Türkiýäniň medeniýet ministirligi tarapyndan çap edildi.

Türkiýäniň dürli uniwersitetlerinden alymlar Magtymguly Pyragynyň iki tomluk goşgular ýygyndysyny türk diline geçirip, 2014-nji ýylda türkmen alymlaryna ýetirdiler. Terjime eserlerden başga-da, Aşgabatda türkmen alymlary bilen bilelikde «Magtymgulynyň eserleriniň frazeologik sözlügi» hem taýýarlanyldy. Türkiýede şahyr barada ýazylan ähli makalalar «Magtymguly ýadygärlik kitaby» ady bilen bir eserde jemlenýär. Indi bolsa, Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna taýýarlyk görýäris we «Beýik Magtymguly miras sözlügi» atly taslamanyň üstünde uzak wagtdan bäri işleýäris.

.

 

—Magtymgulynyň döredijiligi bilen dünýäniň köp ýurtlarynyň alymlary, edebiýatçylary içgin gyzyklanýar we sarpa goýýar. Gürrüňimizi şahyryň döredijiligi dogrusynda dowam edäýsek.

—Şahyr ynsan kalbyny gözelleşdirýär. Şygryň hem iki ugry bar: paýhas we gözellik. Paýhaslylygy bilen aňy, gözelligi bilen köňli özüne bendi edýär. Şahyr diýlende, ilki bilen, Magtymgulynyň döredijiligi hyýalyňda janlanýar. Çünki bu iki ugur Pyragynyň döredijiliginde juda ýerlikli sazlaşýar.

Käbir ýazylan eserler bolýar, olaryň manysyny tirmäge söz ejizlik edýär. Şol sebäpden, «Sözleriň ulusy, ulularyň sözleridir» diýýärler. Olar halkyň derdi bilen dertlenip, Watan mukaddesligi üçin ömür kerwenini, janyny we galamyny bagyşlaýar. Ynha, Magtymguly bu ugurda galamy bilen halkyny 300 ýyla golaý wagt bäri döreden köňül suprasynyň başynda agzybirlige çagyryş bilen birleşdirmegi başaran söz ussadydyr. Şahyr «Türkmeniň» diýlen goşgusynda bir döwlet, bir baýdak astynda, bir supranyñ başynda jem bolmak hakynda:

 

Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,

Tartsa ýygyn, erär topraklar daşlar,

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,

Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

 

—diýip, juda jaýdar belleýär. Şahyr şu ýerde türkmeniñ geljegini örän ýerlikli görnüşde «ykbal» sözi bilen nygtap geçýär. Onuň goşgularynda, göýä XVIII asyr türkmen dünýäsi janlanýan, setirlerinde halkyň durmuşynyň her bölegi jikme-jik beýan edilýän ýaly. Şol sebäpli, döwrüň durmuşy ýagdaýy hakynda maglumat almak isleýän ylmy işgärler üçin akyldar şahyryň goşgulary uly bir maglumat çeşmesi bolup durýar.

Magtymgulynyň ylmy dünýägaraýşy hakynda gürrüň edenimizde, pelsepewi düşünjelere hem aýratyn orun berilýändigine göz ýetirýäris.

—Magtymguly kakasy Döwletmämmet Azadydan juda köp ylym öwrendi. Şeýle-de ol Gündogaryñ beýik alymlary bolan Faraby, Biruny, Horezmi, Ibn Sina, Hoja Ahmet Ýasawy, Jelaleddin Rumy,Ýunus Emre, Alyşir Nowaýy, Fizuly, Es-saman-i Merwezi, Firdöwsi, Rudaky, Omar Haýýam, Ebu Sagyt Mäne baba, Müezzi, Enweri, Mahmyt Pälwan, Sady, Nyzamy, Hosraw Dehlewi, Hafyz, Nesimi, Jamy, Baýram han, Garajaoglan, Nejep Bekpan, Ulugbeg ýaly gündogaryñ dana alymalarynyň kitaplaryny köp okaýan eken. Şeýle-de Eflatun, Aristotel, Çalen, Sokrat ýaly akyldarlaryñ pelsepewi kitaplaryny okandygy, günbatar medeniýetinden hem habarly bolandygy hakynda hem mälim edýär.

Şeýle-de, Magtymguly Pyragy «Sultanu’ş-Şuaradyr» (Şahyrlaryñ Soltanydyr). Ýöne onuñ «akyl dünýäsine, pikir derýasyna» garalanda, şol bir wagtyň özünde bir filosof, akyldar, dana, alym, aryf, folklorçy bolandygy-da aýdyñdyr.

Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp.

Bilmeze hiç, bilen ýanda nyrhy köp.

—diýip beýan edýär. Magtymgulynyň pikir dünýäsi, dünýägaraýşy, döredijiligidir işjeňligi hem köptaraplydyr. Goşgularyna ser salaňda, bir seretseň geografiýa hakynda söz açýar, şol bir wagtda dünýewi pikirler barada düşündiriş berýär, şeýle-de halk döredijiliginiň ummanynda ýüzdürip, folklordan söhbet açýar, syýasat, döwlet meselesine ünsüňi çekýär.

Pyragy öz döredijiliginde watançylyk, maşgala temalaryna uly orun beripdir.

Hawa, şahyryň döredijiliginde watançylyk temasyna uly üns berilýär. Goşgularynda gahrymançylygyň, watansöyüjiligiň, lebzi halallygyň, ähde wepalylygyň, myhmansöýerlik däbiniň we ene-atalara hoşniýetliliginiň nusgasyny görkezýän köp setir bar. Türkmen halkynyñ añ düşünjesini, durmuşa bolan garaýyşlaryny, pikir güýjüni, däp-dessurlaryny türkmen diliniň söz baýlygyny onuň setirlerinde seljermek hem mümkindir.

Meselem, «Gelen aş diýp gelmez, turşutmagyl ýüz. Nana mätäç däldir, söze myhmandyr» diýýän setirlerinde türkmeniň myhman garşylamak düşünjesini beýan edýär. Azadydyny wasp edende ulanan kyblam, münberim azany, şährimiň soltany, ilimiň zybany, bagymyň reýhany sözleri bilen hoşniýetliligiň kämil nusgasyny beýan edýär. Ejesi Orazgülden gürrüň gidende bolsa, ulanan Käbäm, Walidäm, Mekke-Medinäm ýaly sözleri bilen sypaýçylygyň iň ýokary mysallaryny görkezýär.

Bir ýyldan gowrak wagtlap çöregini iýip, suwuny içen eziz Watan Türkmenistanda Pyragynyň goşgularyny halk aýdymlarynda köp gezek diňledim, dynç aldym. 2014-nji ýylda doglan gününiň 290-njy ýyllgyna bagyşlanan halkara ylmy amaly maslahatda gatnaşyjylara gowşurlan sowgatlaryň biri hem şahyryň saza goşulan şygyrlary bolupdy. Sanadym, «sözlerimi saza goşsaň uz bolar» diýilýän setirlere şahyryň 134 goşgusynda gabat geldim. Şahyrlyk kesbi üçin iň uly mertebe.

Türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny, hoşniýetliligini, adamkärçiligini halkyň dili bilen ýazylan goşgulary bilen beýan eden Magtymgulynyň ady ählimiz üçin mukaddesdir.

Älem içre adam galmaz, at gezer,

Bu syrlardan jahan halky ýat gezer…

— Emrah Ýylmaz, ajaýyp we täsirli gürrüňleriňiz üçin sag boluň. Size işiňizde we döredijiligiňizde uly üstünlikler arzuw edýäris.

—Sag boluň!

 

Söhbetdeş bolan: Aýbölek ABDYRASULOWA.

 

 

 

 

Ünsüňizi çekip biler

3 Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu