Siziň üçin...Slider

Sungatda ahalteke bedewleriniň çeper beýany

30-04-2024 / 7

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Diýarymyzyň her bir güni toýdur-baýramlara beslenýär. Her ýylda aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy uludan bellenip geçilýär. Türkmen bedewleri özüniň çydamlygy, owadanlygy, çalasynlygy bilen dünýä halklaryny haýrana galdyrýar. Olar edil ynsan ýaly duýgur hem wepaly bolýar. Şeýle asylly bedewleri ýetişdirmek üçin ata-babalarymyz öz zehinlerini, gujur-gaýratlaryny siňdiripdirler.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli açylan bäsleşik sergisinde ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň eserleri görkezildi. Her bir eseri synlanyňda milli öwüşgünli reňkleriň üsti bilen türkmen topragynyň özboluşlylygy we bedewlerimiziň gözel keşbi suratlandyrylýar.

Bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň mugallymy Arslan Atahanow “Toýly gün” atly nakgaş eseri bilen baýrakly orna mynasyp boldy. Suratkeş bedewi Köpetdagyň ýaşyl depeliginde görkezýär. Eseriň birinji meýilnamasynda suratlandyrylan ahalteke bedewiniň keşbi at şaý-sepler bilen bezelip, onuň görküne-görk goşýar. Eseriň çep tarapynda suratlandyrylan  kitaply horjun, dutar we  ak kepderleri Magtymguly Pyragynyň bize miras galdyran pähim-paýhas ummany dünýä ýüzüne aýdym-saz bolup ýaňlanýandygyny aňladýar. Taslamanyň yzky meýilnamasynda ak mermerli Aşgabat şäheriniň ajaýyp keşbi beýan edilýär.

Türkmen halky özüniň milliligi bilen bu günki gün älem-jahana tanalýar. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän döredijilik bäsleşikler türkmen bedewiniň gözelligini we ýyndamlygyny dünýä ýaýmakda ýardam etjekdigi şübhesizdir.

Tawus GARAJAÝEWA.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň öwreniji mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu