Suw — durmuşda iň möhüm zerurlyklaryň biri. Şonuň üçin adamlar suwa aýawly çemeleşip, ony isrip etmezlige çalyşýarlar. Sährada ýaşaýan adamlar ýagýan ygalyň oý ýere ýygnanmagyndan döreýän kak suwuny hem göwnejaý ulanmagy başarýarlar. Adamlar tebigy kaky kämilleşdirip, oňa mümkingadar köp suw ýygnanar ýaly edipdirler.
Garagumda oturymly çarwalar, şeýle hem örüde dowar bakýan çopanlar uzak ýyllaryň durmuş tejribesinden kak suwundan peýdalanmagyň özboluşly tärini oýlap tapypdyrlar. Ýagny ýaz aýlarynda takyrlyklara ýagan ýagyş suwunyň oý, toýun ýere ýygnanan ýerine «kak» diýilýär. Kak suwy bulanyk bolýar. Emma gumlular ony durlamagyň özboluşly tärini tapypdyrlar. Garagumda köne derýalaryň we kölleriň gurap giden ýerinde — depizlerde gips görnüşli gatlak duş gelýär. Ol ýerasty suwlaryň bugarmagy netijesinde emele gelýär. Şol gipsiň bir tokgasyny oda gömüp, mazaly ýakypdyrlar. Oda ýakylan gipsiň sähelçesini bulanyk kak suwuna atyp, kak suwuny durlapdyrlar. Çünki şeýle edilende, suwuň düzüminde toprak derrew aşak çökmek bilen bolýar. Şeýle usulda alnan suwdan gara taňkada demlenen, ojar odunyň tüssesi siňen çaýy içmegiň hem özboluşly lezzeti bar.
Maldarlar sährada oýtak ýeriň içini arassalap, çuňaldyp, oňa töwerege ýygnanýan ýagyş suwlary hem akar ýaly, çar tarapyndan uly bolmadyk ýaplary, akabalary çekýärler. Kak dürli ululykda bolup bilýär, ýöne onçakly çuň bolmaýar. Kaka eýelik edýän adam ýylyň-ýylyna ony arassalap, rejeläp, bejerip, oňa suwuň gowy akmagynyň aladasynda bolýar. Ýogsam, kaka barýan ýaplar, akabalar suwuň getirýän gyrmançalaryndan, läbiklerinden dolup gidýär. Ýagyş ýaganda, sile öwrülen suwlar kaka çekilen ýaplar, akabalar arkaly akyp, ony doldurýar. Kaka ýygnanan suwuň düzümindäki läbik aşak çöküp, düýbüne ýygnanýar, suw durlanýar. Şondan soňra kak suwy içmäge ýaramly bolýar. Çarwalar kak suwundan sürülerini ýakmak üçin peýdalanýarlar. Kaklar ýaňy dolan mahaly ondaky suw süýji bolýar, şol mahal ol agyz suwy hökmünde hem ulanylýar. Eger häli-şindi ygal düşüp, kakdaky suwlaryň üsti dolup durmasa, onuň süýjüligi ýitip başlaýar. Ýöne ol mallary suwa ýakmaga ýaramly bolýar. Ýyl ygally gelende, kakyň suwy egsilmeýär. Maldarlar üçin sürini guýuda suwa ýakandan kakda ýakmak ýeňil düşýär. Kak suwuny içýän dowarlaryň semizlik derejesi-de ýokary bolýar. Halk arasynda bu barada şeýle pähim saklanyp galypdyr: «Ýaz ýagan gar erär, kak suwuny içen dowar semrär». Munuň özi kak suwunyň süýjüligi, ýokumlylygy bilen baglanyşykly bolsa gerek.
Jeren RAHMANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.