Siziň üçin...Slider

29-njy aprel — Halkara tans güni

29-04-2024 / 9

Her ýylyň 29-njy aprelinde bütin dünýäde Halkara tans güni bellenilýär. Ähli tans görnüşlerine bagyşlanan bu baýramçylyk 1982-nji ýylda ÝUNESKO-nyň halkara tans geňeşiniň başlangyjy bilen, horeografiki sungatyň reformaçysy we teoristi bolan fransuz horeografy An-Georges Noýerriň doglan gününde bellenip başlandy.

An-Georges Noýerre taryhda “Häzirki zaman baletiniň atasy”hökmünde tanalýar. Ol fransuz balet ussady bolup, horeograf we balet teoristi, horeograf L.Dupreň okuwçysydyr. Ol Londandaky Drury Lane teatrynda balet toparyna ýolbaşçylyk etdi.

Bu baýramçylygyň esasy maksady tansyň ähli ugurlaryny sungatyň bir görnüşi hökmünde birleşdirmekdedir. Elbetde, bu gün tutuş tans dünýäsi — opera we balet teatr toparlary, häzirki zaman tans toparlary, halk tans assambleýalary, professional we höwesjeň sungat işgärleri üçin hünär baýramçylygydyr. Russiýada Halkara tans gününde ýeke-täk professional balet baýragyny — “Soul of Dance” baýragyny bermek däbi hem bar. Bu baýrak 1994-nji ýylda “Ballet” žurnalynyň we  Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde döredilip, rus horeografiki sungatynyň ösüşinde gazanan üstünlikleri üçin ussatlara berilýär.

Halbibi SATLYKOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu