27-nji aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde atlaryň tebigy özüne çekijiligini, gözelligini sungat eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi.
Iň gowy işler haly eserini döretmek, zergärçilik, surat we heýkel eserleri, neşir önümleri, fotosurat we teleoperatorçylyk işi diýen ugurlar boýunça saýlanyp alyndy. Bu bäsleşigiň baş maksady türkmen halkynyň durmuşynda bedewleriň tutýan ornuny görkezmekden ybaratdyr. Ahalteke bedewiniň gaýtalanmajak keşbi, häsiýeti, duýgurlygy, düşbüligi eserleriň awtorlaryny şahyrana mazmuna hem-de ylhama beslenen dürli keşpleri döretmäge ruhlandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ýeňijilere — Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rejeleýiş işi kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby G.Bekbaýewa “Türkmen bedew aty Toýly” atly haly eseri; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby A.Annaýewe “Milli mirasymyz” atly at şaý-sep toplumy; Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň mugallymy A.Atahanowa “Toýly gün” atly nakgaşlyk eseri; Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby K.Soltanowa “At gazanan goç ýigidiň, owal bedew aty gerek” atly heýkel eseri; Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby N.Ýolamanowa “Behişdi bedewler” atly foto işleri; Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň telekinooperatorçylyk hünäriniň 5-nji ýyl talyby W.Myşşyýewe “Şöhraty dünýä dolan bedew” atly wideoşekili üçin baýraklar gowşuryldy.
Bäsleşige gatnaşanlaryň her biri döredijilik işinde gözelligiň, sazlaşygyň ýokary derejesi, täsinligiň belent nusgasy hasaplanýan bedewiň keşbine bolan garaýşyny özboluşly beýan etmäge çalşypdyr.
Ýeňijiler döredijilik işlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, behişdi bedewlerimiziň bütin dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Wepa ORAZMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby.