27-nji aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryna, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň alymlaryna hem-de Arkadag şäheriniň atşynaslaryna täze şäherde gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan 120 maşgala niýetlenen täze jaýlaryň açarlaryny sowgat hökmünde gowşurdy.
Bu wakalar ildeşlerimizde egsilmez buýsanç döretdi. Şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda, gadymy topragyň juwan şäherinde raýatlaryň uly toparynyň ähli amatlyklary özünde jemleýän öýlerde ýaşamagy üçin döredilýän şertler ýurdumyzda durmuş ugurly syýasatyň ähli ulgamlary gurşap alýandygyna şaýatlyk edýär.
«Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer taglymatyň dabaralanýan ýurdunda bagtyýar ýaşamak, işlemek has-da özboluşly duýgy bagyşlaýar. Milli atşynaslygymyzy, ahalteke bedewlerini umumadamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwren Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda atşynaslarymyzyň, bu ugurda zähmet çekýän ylym-bilim adamlarynyň, alymlaryň durmuş şertleriniň hem üns merkezinde saklanmagy örän buýsandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi atçylyk pudagyny ösdürmäge, türkmen bedewlerini ylmy esasda öwrenmäge ulgamlaýyn çemeleşilýändigini görkezýär.
Gülsährа BERDIÝEWА,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.