Şu ýylyň 22 — 24-nji apreli aralygynda Parižde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) we Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Gündogaryň beýik akyldary, ajaýyp türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bilelikde baýram etmeginiň çäklerinde döredijilik çäresi üstünlikli geçirildi.
ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynyň esasy zallarynyň birinde geçirilen serginiň açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, açyklyk ýörelgelerine ygrarly bolan Türkmenistan häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan daşary syýasat ugruna berk eýerýär. Nygtalyşy ýaly, Fransiýanyň paýtagtyndaky bu çäre ýurdumyzyň medeni diplomatiýasyny işjeň ilerletmegiň nobatdaky aýdyň güwäsidir. Munuň özi halkymyzyň baý milli mirasyny, Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini giňden wagyz etmäge ýardam berýär.
Sergide beýik türkmen şahyrynyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň gaznasynda saklanýan eserlerine aýratyn orun berildi. Şahyryň şygryýeti adamzadyň ruhy gymmatlyklarynyň genji-hazynasynda mynasyp orun eýeleýär. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip yglan edilmegi, onuň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” halkara sanawyna girizilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideriniň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary hem görkezildi.
Döredijilik çäresiniň çäklerinde türkmen dizaýnerleriniň milli lybaslarynyň özboluşly nusgalarynyň görkezilişi boldy. Döredijilik forumynyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti boldy.
Döredijilik çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Liderine, şeýle hem döwlet Baştutanymyza, fransuz tarapyna we BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna şu çäräniň ýokary derejede guralmagy babatda döredilen şertler, dostlukly ýurduň jemgyýetçiligini baý türkmen medeniýeti bilen tanyşdyrmaga, onuň özboluşlylygyny açyp görkezmäge döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Senemgül ALLAKOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.